TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ösümlik psihologiýasy

Häzirki döwürde ösümlikleriň ýaşaýşyny, ösüşini, köpelişini, peýdasyny, zyýanyny, daşky şertleriň dürli  täsirlerini köp sanly bilermenler tarapyndan  öwrenildi. Ösümlikleriň duýmak, syzmak, goranmak, habar bermek ýaly häsiýetlerini öwrenýän ylmyň bir ugury bar. Oňa “Fitopsihologiýa” diýlip, ösümlikleriň psihologiýasyny öwrenýär.   Fitopsihologiýa — janly obýektlerden köplenç adamdan gelýän maglumatlary ösümlikleriň kabul edişini we jogap reaksiýalaryny berişini öwrenýän ylymdyr. Ylmy edebiýatlarda  fitopsihologiýa  “Psihologobotanika” hem diýilýär.

Ösümlikleriň psihiki ukyplaryny  ýa-da  Fitopsihologiýa ylmyny ilkinji bolup amerikan alymy 1966-njy ýylyň 2-nji fewralynda Kliw Bakster esaslandyrýar.  Şol gün alym ilkinji gezek otag ösümliginde “Poligraf” enjamynyň berkitýär. “Poligraf” enjamyny esasan jenaýatçylar sorag edilende ulanylýar, başgaça bu enjama “ýalany aýan ediji enjam” diýilýär. Otag ösümligine suw we iýmit maddalar berilende, otly çöp bilen ýakylanda, galam bilen dürtülende, sowuk howa täsir etdirilende enjamyň görkezijisi üýtgeýär we ýazgy edýär. Şeýlelik-de Kliw Bakster ylmy barlaglarynda ösümlikleriň  dürli täsirleri duýmak ukybynyň bardygyny anyklaýar.

Ösümlikler  beýleki organizmler ýaly howp abansa gaçyp, gizlenip  bilmeýär. Şol sebäpli olar taryhy  ösüşiniň dowamynda özboluşly gorag ulgamyny emele getiripdirler. Muňa mysal edip, ABŞ-nyň demirgazyk günbatarynda Waşington ştatyň Sietle şäheriniň golaýyndaky tokaýlarda iki sany Amerikan himigi gözegçilik geçirýär. Barlaglaryň dowamynda söwüt we berýoza tokaýlarynda  zyýankeşleriň sany artyp, agaç ýapraklaryna köpçülikleýin zyýan ýetirýändiklerine duş gelipdirler. Mundan başga-da  hadysanyň dowamynda  mör – möjekler belli bir wagt aralygyndan soň gyrylmaga başlapdyrlar. Şol bir wagtyň özünde tokaý howasynyň düzüminde etilen gazynyň mukdary artypdyr. Bu hadysa doly we anyk baha bermek üçin tejribehana seljermesini geçirýärler. Netije-de agaçlar mör-möjekleriň köpçülikleýin çozuşundan soň ýapragyň proteýin düzümini üýtgedip, zyýankeş üçin ýaramsyz görnüşe geçipdir. Etilen gazyny artykmaç bölüp çykarmak arkaly daş töwerekdäki agaçlara  zyýankeşleriň köpçülikleýin çozuşy barada  habar  beripdir. Sebäbi  belli bir daşlykda ýerleşen agaçlar hem proteýin düzümini üýtgedip başlapdyrlar. Hat-da ol ýerde  zyýankeşler hasaba alynmady. Bu hadysany habar bermek arkaly beýleki agaçlar  gorag ulgamyny emele getiripdirler.

Şeýlelik-de ýokarda getirilen mysallarda bellenişi ýaly, ösümlikleriň  ýokary nerw ulgamy, gulagy, burny, gözi, agzy, aýagy eli bolmasada ösüp oturan ýerinde şol funksiýalary ýerine ýetirmek ukybynyň bardygy hakynda ylmy barlaglar alnyp baryldy. Şunuň ýaly duýmak we jogap reaksiýasyny bermek ukybynyň bardygy hakynda Russiýa döwletiniň “Umumy we pedagogiki psihologiýany” öwrenýän institutyň profesory W.N. Puşkin ösümlikler bilen  birnäçe synaglary geçirýär. Netije-de janlylaryň arasyndaky  baglanşyk nerw ulgamy ýok bolsa hem biri-biri  bilen  öýjük derejesinde ýüze çykýar diýip, belleýär. W.N. Puşkin  adam bilen ösümligiň arasyndaky  synag  geçirýär. Ýagny adama gipnoz usuly bilen dürli emosional pikirleri ýükleýär. Synag geçirilen ýerden 80 sm daşlykda ýörite enjamlara berkidilen otag ösümligini ýerleşdirýärler. Barlaglaryň netijesinde  adamyň otrisatel emosional duýgularyny ösümlik organizmine täsir edendigni enjam hasaba alypdyr. Adamyň nerw ulgamynyň we ösümlik öýjüginiň arasynda   informasion baglanşygynyň bardygyny hasaba alypdyrlar. Bu iki ulgamyň arasyndaky  baglanşygyň esasy sebäbi ýer togalagynda janly organizmleriň ilkinji başlangyjyny DNK molekulasyndan  gözbaş  alýandygy bilen düşündirýär.

Fitopsihologlaryň aýtmagyna görä ösümliklere gowy ideg etmek bilen çäklenmän her bir ösümlige indiwidual çemeleşmeli diýip, belläp geçýärler. Muňa mysal edip, gök bakja ekinlerde synag geçirenlerinde dürli görkezijileri ýüze çykarypdyrlar.

 Hyýar  we  käşir –  olara  rahat we ýumşak häsiýetli uly ýaşly zenanlar aýratyn hem ene  mamalarymyz  ideg etseler has ýokary hasyl beripdir.  Sebäbi  hyýar we käşir ekinleri sesi, gala-gopluga çydamsyz. Çagalaryň köp ýerlerinde we gaty sesli ýerlerde ösüşi pes bolupdyr.

  Şibit (ukrop), badyýan (petruşka), guzygulak ýapragy (salat), garauk (seldereý) ýaly gök  ekinlere erkek adamlaryň  ideg edenleri, has-da oňat ösüp boý alypdyr. Gök massasy artýar we ýakymly ysly bolýar. Hat-da gök otlar ýolunup alynandan soň hem uzak wagt  terligini saklapdyr.

  Hyýar kädi (kabaçki) we ýyldyz kädi  ýa-da äşe patmanyň ýumrugy (patison)  bu ekinler  çişik,  daýaw adamlary halaýarlar .

Şalgam, rediska ekinleri ösdürip ýetişdirilende erbet sözlere ýarmaz  täsir edipdir.  Olar gaty we ajy bolupdyr.

Sogan ekini tebigy owadan gyzlary halaýar. Eger – de sogan ösdürilip ýetişdirilende ideg edýän gyzlar bezeg üçin bir azajyk reňk ulanan hem bolsa soganda gorky duýgysy ýüze çykýar.  Netije-de sogan gaty we iýmitlik üçin ýaramsyz bolýar.

Pomidor – iň şadyýan ekin hasaplapdyrlar. Sazy söýýär we gaharjaň erbet häsiýetli adamlary halamaýar. Her gün iki sagat  saz goýberilse hasyly iki esse ýokary berýär.

Kelem – bu ekin söhbetdeş we syrdaş bolmagy halaýar. Keleme hemme zady gürrüň berseň bolýar. Ol uly gyzyklanma bilen diňlär we minnetdarlyk hökmünde uly  dykyz kelleli  we süýji  kelem emele getirer.

Kartofel – bu ekin kän bir idege mätäç däl. Oňa süýji mylaýym sözleri aýtmak ýeterlik. Haçan-da hasyla duran döwri. Aýratyn hem  owadanjam,  mähribanym, aýym  we şuňa meňzeş sözler bilen ýüzlenenden soň kartofel buz ýaly erär.  Netije-de biziň saçagymyzda örän süýji kartofel bolar.

Burç we badamjan örän ynjyk ekin. Iň gowysy degmeli däl . Olaryň ösüşini tiz – tizden barlansa gülleri tozanlanman galýar.

Şeýlelik-de ösümlikler  janly organizimler bolup adamyň emosional duýgularyny kabul edýär edil bir ynsanyň beýleki bir ynsana  nähili duýgulary bildirşi ýaly. Ösümlik ynsan we beýleki organizmler bilen hem habarlaşmak ukybynyň bardygy ylymda belli zat. Şol sebäpden  şunuň ýaly täsin açyşlara  ösümliklere ideg edenmizden  soňra  ylmyň şu ugryna  ynanyp başlarys!                                                                                                                                  

Maýa  HAJYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň  mugallymy.

Ýene-de okaň

Bıtaraplyk- bagtymyz

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle