TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

“Oskara” dalaş etjek film

2022-nji ýyldaky “Oskar” baýraklarynda iň gowy halkara filmine dalaşgärler kesgitlenýär. Ýakynda Fransiýa öz dalaşgärini yglan etdi.

Fransiýa 2022-nji ýylda gowşuryljak 94-nji “Oskar” baýraklarynda, “Iň  gowy halkara film” dalaşgärleri üçin öz filmini saýlady. Bu “Kann” film festiwalynda “Palme d’Or”-da ýeňiji bolan “Titane” filmi boldy. Film iýul aýynda Fransiýada görkezilip başlandy we 300000-den gowrak tomaşaçy tarapyndan görüldi.

Sanawdaky soňky üçlige galan beýleki filmler, Fransiýanyň saýlama komiteti tarapyndan Wenesiýa film festiwalynda “Altyn aýy” baýragyny gazanan Audrey Diwanyň “L’Evénement” we Sedrik Jimineziň “Bac Nord” filmleri boldy.

Filmde çagalygynda awtoulag heläkçiliginde ýaralanandan soň kellesinde titan plastinkasy bolan bir aýalyň (Agathe Rouselle) wakasy gürrüň berilýär. Mundan başga-da, 10 ýyl bäri ýitirim bolan ogly bilen duşuşýan bir kaka hem hekaýanyň merkezinde durýar.

 

Gün ulgamynyň daşyndan täze signallar tapyldy

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy we Russiýanyň döwlet sirkiniň Aşgabatdaky çykyşy

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Teswirle