JEMGYÝET

Oskar üçin täzelik

93-nji gezek geçiriljek “Oskar” premýerasynyň gurnaýjylary dünýäde ýüze çykan käbir çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli kinoteatrlaryň ýapylmagyny göz öňüne tutup, Oskar premýerasynyň kino saýlama tapgyryna onlaýn görnüşinde çykan kinolary gatnaşdyrarlar. Täze düzgün kinoteatrlaryň açylmagy bilen güýçden gaçar, diýip Amerikanyň kino-sungat akademiýasy habar berýär.

Saýlama tapgyra gatnaşmak üçin täze kino çykan mahalyndan kinoakademiýanyň ýörite gorag saýtynda 60 günläp tomaşaçylara ýeterlik derejede bolmaly. Şeýle hem ýaryşyň şertlerine hem laýyk gelmeli.

“Akademýanyň işgärlerini häzirki günlerde goldaýarys we olaryň işiniň şu wagtlarda has möhümdigini belläp geçýäris. Sebäbi öňden kinony halamaýan adamlar ony gowy görüp başladylar” diýip, kino-sungat akademiýasynyň prezidenti Dewid Rubin belläp geçýär.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rejep Taýyp Ärdogany 70 ýaş toýy bilen gutlady

Türkiýäniň Prezidentine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” ady berildi