TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

“Oskar” baýrakly aktrisa aradan çykdy

Golliwudyň “Altyn asyry” diýlip kesgitlenen döwürde “Oskar” baýragyna mynasyp bolan iň garry aktrisa Oliwiýa de Gawilland 104 ýaşynda aradan çykdy.

Ussat aktrisa Oliwiýa de Gawillandyň Pariždäki öýünde aradan çykandygy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan habar berildi.

1916-njy ýylda Tokioda doglan iňlis aktrisasy 50 ýyldan gowrak wagtda 50-ä golaý filmde surata düşýär.

Oliwiýa de Gawilland, 1939-njy ýylda “Gone with the Wind” filminde surata keşbi bilen meşhurlyk gazanýar. “Gone with the Wind” filmi bilen jemi bäş gezek “Oskara” dalaşgär görkezilen Gawilland bu baýragy iki gezek aldy.

Gawillandyň “Iň gowy aktrisa” ady bilen “Oskar” baýragyny alan filmler 1946-njy ýylda “Her biri özüne” we 1949-njy ýylda “Mirasçy” filmleri boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle