Kino sungatynyň iň abraýly sylagy bolan Oskar baýraklary gowşuryldy. Los Anjelesdäki «Dolby» teatrynda geçirilen Oskar baýraklarynyň 95-nji gowşurylyş dabarasyny belli komediýaçy Jimmi Kimmel alyp bardy.
Mişell Ýeo Oskar baýragyna mynasyp bolan ilkinji aziýaly sungat işgäri boldy. Şeýle hem «Naatu Naatu» Oskar baýragyna mynasyp bolan ilkinji aýdym bolmagy başardy.
95-nji Oskar baýraklarynyň ýeňijileri:
- Iň gowy film: «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once);
- Iň gowy režissýor: Daniel Kwan, Daniel Şeinert. «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once);
- Iň gowy aktýor: Brendan Freýzer. «Kit» (The Whale);
- Iň gowy aktrisa: Mişell Ýeo. «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once);
- Ikinji plandaky iň gowy aktýor: Ke Jonatan Kwan. «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once);
- Ikinji plandaky iň gowy aktrisa: Jeýms Li Kurtis. «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once);
- Iň gowy asyl ssenariýa: «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once). Daniel Kwan, Daniel Şeinert;
- Iň gowy adaptirlenen ssenariý: «Gürrüňdeş zenanlar» (Women Talking). Sara Polli;
- Iň gowy animasiýa: «Gillermo Del Toronyň Buratinosy» (Guillermo del Toro’s Pinocchio). Gillermo Del Toro;
- Iň gowy halkara film: «Frontuň günbatarynda täzelik ýok» (All Quiet on the Western Front). Edward Berger (Germaniýa);
- Iň gowy dokumental film: «Nawalnyý» (Navalny);
- Iň gowy gysga göwrümli film: «Irland hoşlaşygy» (An Irish Goodby);
- Iň gowy gysga göwrümli dokumental film: «Jadylaýjy pil» (The Elephant Whisperers);
- Iň gowy gysga göwrümli animasiýa: «Oglanjyk, körsyçan, tilki we at» (The Boy, the Mole, the Fox and the Horse);
- Iň gowy saz: «Frontuň günbatarynda täzelik ýok» (All Quiet on the Western Front). Wolker Bertalmann;
- Iň gowy aýdym: «Naatu Naatu». RRR, M.M.Kerewaani, Çandrabose;
- Iň gowy ses: «TopGan Mawerik» (Top Gun: Mawerick);
- Iň gowy çeperçilik bezegi: «Frontuň günbatarynda täzelik ýok» (All Quiet on the Western Front);
- Iň gowy operator: «Frontuň günbatarynda täzelik ýok» (All Quiet on the Western Front). Jeýms Frend;
- Iň gowy makiýaž we saç bezegi: «Kit» (The Whale);
- Iň gowy montaž: «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Everything Everywhere All at Once). Pol Rojers;
- Iň gowy grim: «Gara Pantera: Wakanda hemişelik» (Black Panther: Wakanda Forever). Rut E.Karter;
- Iň gowy wizual effektler: «Awatar: suwuň ýoly» (Avatar: The Way of Water).