DÜNÝÄ

“Oskar” baýragyna bu ýyl kim mynasyp bolarka?!

Kino dünýäsiniň iň arzyly baýraklarynyň biri hasaplanýan “Oskar” baýragynyň taryhy geçen asyryň başlaryndan başlanýar. Has takygy 1929-njy ýylyň maý aýynyň 16-syna “Golliwud Ruzwelt” myhmanhanasynda guralan agşamlyk naharynda 270 adamynyň gatnaşmagynda baýragyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirilýär. Şondan bäri, her ýyl “Oskar” baýragyny gowşurmak dabarasy geçirilip gelinýär. Şu ýyl 2019-njy ýylyň iň gowy kinosynyň haýsydygyny bilmäge az wagt galdy. “Oskar” baýragy gowşurmak dabarasy şu ýylyň 9-njy fewralynda Golliwuddaky “Doly” teatrynda geçiriler. Baýragyň ýeňijileri bolsa, 13-nji ýanwarda belli ediler. “Oskar” baýragynda 24 ugur boýunça ýeňijiler mälim ediler. Bu dabara Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “ABC” teleýaýlymy tarapyndan teletomaşaçylara ýetiriler.

Bu baýragy almak ugrunda şu aşakdaky filmler bäsleşerler:

“Advocate”

“American Factory”

“The Apollo”

“Apollo 11”

“Aquarela”

“The Biggest Little Farm”

“The Cave”

“The Edge of Democracy”

“For Sama”

“The Great Hack”

“Honeyland”

“Knock Down the House”

“Maiden”

“Midnight Family”

“One Child Nation”

 

 

Ýene-de okaň

Eýranyň Prezidenti özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Yraga amala aşyrýar

Kamala Harris we Donald Trump arasynda bolan ilkinji teleçekişme

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite geňeşçisi bilen geçirilen duşuşyk

Indoneziýanyň Prezidenti täze paýtagta göçýär

Eýranyň Prezidenti ýurduň paýtagtyny göçürmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Gahrymany kosmonawt Oleg Kononenko Ýere dolanmaga taýýar