TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Örtük dakylanda äýnek bugarmazlyk üçin näme etmeli?

Dünýäde koronawirus ýokanç keseliniň döremegi sebäpli, ähli adamlar öz saglygyny goramak üçin agyz-burun örtüklerini ulanýarlar. Adamlaryň arasynda gözleriniň görüş derejesiniň pes bolmagy sebäpli, äýnek dakynýanlar hem az däl. Şeýle hem köpçülikleýin ýerlerde işlän ýerlerinde kompýuter ekran şöhlelerinden goramak üçin gorag äýnekleri hem dakynýarlar. Äýnek dakynýan adamlar, agyz-burun örtüklerini dakanlarynda, olaryň äýnekleri bugarýar. Göz keselleri boýunça hünärmen, lukman Emel Çolakoglu, örtük dakynylanda äýnekleriň bugarmasyny öňüni almak boýunça özüniň maslahatlaryny berdi.

Lukman Emel Çolakoglu bu barada şeýle maslahat berýär:

  • Ilki bilen örtügiňiziň ýokarky gaty bölejigini burnuňyzyň göwrümine görä gysmaly.
  • Äýnegiňizi arassalamak üçin ýanyňyz bilen spreý ýa-da ak matajyk götermeli. Şeýle-de bolsa, aýnanyň anti-reflektor häsiýetleriniň öňüni almak üçin spreýi adatdan köp ulanmak maslahat berilmeýär.
  • Äýnegiňize bugarmaga garşy plýonka ýelmemeli.
  • Mundan başga-da äýnegiňizi günde iki gezek suwuk sabyn bilen ýuwmak maslahat berilýär. Onda soňra äýnegi doly derejede guratmaly.

Lukman Emel Çolakoglu bu barada ýene-de täsin maslahatlary berdi.

  • Iýmegi gowy görýän alma miwämizi, äýnegiňiziň aýna böleklerine sürtmek bilen bug sebäpli görünmeýän äýnegiňizi arassalap bolar.
  • Şeýle hem diş pastasy bu ugurda size üstünlik gazandyrar. Äýnegiňiziň aýna böleklerine diş pastasyny çalyp ýuwmaly we soňra bolsa ony gowy edip süpürmeli. Gurandan soňra äýnegiňiz bugarmaz.
  • Dem alyş çyglylygyny azaltmak üçin el ýalygy iki epläp, burnuňyzyň we örtügiňiziň gaty bölejik aralygynda goýsaňyz örän gowy bolar.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle