TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Organomineral döküniniň meýdan şertlerinde hyýar ösümliginiň hasyl berijiligine täsiri

“Ekologiýa taýdan arassa organomineral döküniniň meýdan şertlerinde hyýar ösümliginiň hasyl berijiligine täsirini ylmy esasda öwrenmek”

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny düýpli özgertmek babatda kabul eden köpugurly maksatnamalaryna laýyklykda oba hojalyk pudagyny ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup, onuň esasy wezipeleri kesgitlenildi. Ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek döwlet tarapyndan ähli şertler döredildi. Miwe-gök önümi ösdürip ýetişdirmek oba hojalyk pudagynyň iň bir ähmiýetli ugry hasaplanylýar.

Bu wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň miwe-gök önümi ösdürip ýetişdirmek ugruny has güýçli depginler bilen ösdürmekde, ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli miwe-gök önümleri, şol sanda hyýar gök önümi bilen üpjün etmekde uly netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiya institutynyň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen bilelikde ekologiki taýdan ylmy-barlag işleriniň netijesinde (Patent No842, 28.01.2021) alnan ekologiki taýdan arassa ykdysady taýdan amatly organomineral döküniniň meýdan şertlerinde hyýar ösümliginiň hasyl berijiligine täsirini ylmy esasda öwrenmeklik ylmy işimizde maksat edip goýuldy.

Meýdan tejribesinde hyýar ösümligini ösdürip ýetişdirmegiň öňki bar bolan tehnologiýasyndan tapawutlylykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen bilelikde geçiren ylmy-barlag işleriniň netijesinde (Patent No 842, 28.01.2021) alnan ekologiki taýdan arassa ykdysady taýdan amatly organomineral döküniniň hyýar ösümliginiň hasyl berijiligine oňaýly täsir edýänligi tejribeler esasynda görkezilip, hasaba alyndy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çäginde meýdan şertlerinde hyýar ösümliginiň hasyl berijiligine organomineral dökünleriň amatly täsir etmegi bilen hasyllylyk ep-esli derejede ýokarlanyp, topragyň baýlaşmagyna getirýär.

Bu ylmy işleriň netijesi bolsa ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli gök önümler bilen şol sanda hyýar gök önümi bilen has-da ýokary üpjün etmekde uly netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer.

3 mtoprakdan alnan hasylyň jemi:

Hemme ýygylan hyýar hasyly jemi-39.43gr.

Her joýadan alnan hasyl aýry-aýrylykda

Derssiz joýa-9kg 4gr

Organomineral dökün berlen joýa-16kg 85gr

Sygyr  dersi berlen joýa-13 kg,18gr

Jemi-39kg 43gr

Görüşimiz ýaly iň gowy netije beren organomineral berlen joýa, soň sygyr dersli we dökünsiz joýa.

                               Resul Amangulyýew,

                               S.A.Nyýazow adyndaky TOHU talyby.

 

 

12-nji aprel – kosmonawtika güni

 

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle