TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ördekleriň et üçin ösdürilip ýetişdirilişi

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda guşçulygy ösdürmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän guşçulyk toplumlary gurlup, ulanmaga berilýär. Guşçulykda towuklary we ördekleri ösdürip ýetişdirmek has giňden ýaýrandyr.

Ördekler towuklardan soň köp ösdürilýän guşlardyr. Olar esasan et üçin köpeldilýär. Ördekler towuklara seredeniňde az ýumurtga berýär. Olaryň ýumurtgasy iri, agramy 85-90 gram bolýar. Ördek jüýjeleriniň diri agramy inkubatordan çykanda 70-75 gram bolup, olar tiz ýetişýär. Ördek jüýjeleri 56 günde 2,5 – 3 kilogram agram alýar. Olar şol döwürde iými köp iýýär. Ördek jüýjeleri kada boýunça iýmitlendirilende olaryň agramy bir hepdeliginde 120 grama, 8 hepdelikde bolsa 2,5 kilograma ýetýär.

Ördeklerden köp önüm almak mikroklimat şertlere-de bagly bolýar. Jüýjeleriň saklanýan jaýynyň howasynyň ýylylyk kadalarynyň üýtgemegi olaryň organizminde bolup geçýän madda çalşygynyň bozulmagyna täsir edýär. Bu bolsa olaryň diri agramynyň peselmegine, iýmiň harçlanyşynyň köpelmegine sebäp bolýar.

Guşlaryň beýleki görnüşleriniňki ýaly ördek jüýjeleri hem 2-3 hepdelikkä ýylylygy köp talap edýär. Munuň üçin ýörite elektrik togy bilen işleýän gyzdyryjy peçler ulanylýar. Ördek jüýjeleriniň saklanýan jaýynyň howasy olaryň bir hepdelik ýaşynda 33-35, iki hepdeliginde 30-32, üç hepdeliginde 28-30 gradus ýylylykda bolmaly. Uly ördekler goşmaça ýylylyga mätäç bolmaýar. Olar üçin ketegiň ýylylygy 15-18 gradus, çyglylygy bolsa 65-75 göterim bolsa kada laýykdyr.

Häzirki döwrüň tejribesine esaslanyp, köp önüm almak üçin jaýyň her bir inedördül meýdanyna guşlary ýerleşdirmegiň gürlük kadasy düzüldi. Eger ýerleşdirmegiň gürlügi bolmalysyndan artyk bolsa, guşlaryň arasynda biri-birini çokmak, baslygmak ýaly ýaramaz hadysalar bolýar. Olaryň ýaşaýşa ukyplylygy we diri agramy peselýär. Bu ýagdaýlar hojalygyň ykdysady düşewüntliligini peseldýär.

Ördekleriň suwuň ýetmezçiligine örän duýgurdygyny bellemek gerek. Uly ördekler 1 kilogram iými özleşdirmek üçin 4, jüýjeler bolsa 1,8 – 2,1 litr suwy talap edýär. Ördekleriň et önümliligine ýagtylygyň hem täsiri uludyr. Bir hepdelik ýaşyna çenli jüýjeleri gije-gündiz ýagtylykda saklamaly. Soň bolsa ýagtylygyň dowamlylygy her gün 45 minut azaldylyp, 15 sagada getirilýär. Bu bolsa ördekleriň kadaly ösmegine we semremegine mümkinçilik döredýär.

Ördekleri et üçin ösdürip ýetişdirmekde ýokarda aýdylan kadalar berjaý edilende hojalygyň ykdysady netijeliligi ýokarlanar. Pudakda önümçiligiň häsiýetiniň senagat pudaklaryndaka ýakyn bolmagy hem-de jemlenen (konsentrirlenen) iýmlere islegiň ýokary bolmagy guşçulygyň jemlenmesiniň netijeli bolmagyny kesgitleýär. Guşlary idetmegiň aýratynlyklary bu pudak bilen oba ilatynyň şahsy hojalyklarynda hem giňden meşgul bolmagyna itergi berýär. Pudagyň harytlyk derejesi ýokarydyr.

Soňky ýyllarda guşlaryň baş sany ýokary depginler bilen artýar. Şonda ilatyň elindäki guşlaryň baş sany agdyklyk edýär. Guşçulyk maldarçylygyň düşewüntli ugry bolmak bilen, ol ilatymyzy gündelik zerur bolan et, ýumurtga ýaly berhizlik iýmitler bilen üpjün edýär. Guşlaryň önümliligi olaryň iýmitlendiriliş kadalaryna we saklanyş şertlerine bagly bolýar.

Laçyn Geldiýewa, S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

Türkmenistan GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

 

 

Ýene-de okaň

Ýaşlar we döwrebap bilim

Ata Watan Eserleri

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Sport we ýaşlar

Teswirle