• Ýazyjynyň ady we familiýasy:Orazgylyç Gurbanýazow
  • Doglan ýeri:Etrek etrabynyň Akýaýla obasy
  • Doglan senesi:1932-nji ýylyň 1-nji ýanwary
  • Aradan çykan senesi:1999-njy ýylyň 9-njy iýuly
  • Bilimi:Akýaýla obasyndaky ýediýyllyk mekdebi,1956-njy ýylda paýtagtymyzdaky orta mekdebi tamamlaýar. Şol ýyl hem Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk uçilişşesine okuwa girýär. 1972- 1977- nji ýyllarda Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň kompozitorçylyk bölüminiň talyby.
  • Gysgaça maglumat:

    1950-nji ýylda Etrekdäki medeniýet öýünde işleýär.1954-nji ýylda çeper höwesjeňleriň hatarynda ýurt derejesinde gözden geçirilişe gatnaşýar we şonda tapawutlanandygy üçin oňa Türkmen radiosynda iş teklip edilýär. Ol Türkmen radiosynda horuň düzüminde artist bolup işe başlaýar. 1960-1961-nji ýyllarda respublikan Halk döredijilik öýünde, horuň baş geňeşçisi, 1961-nji ýylda Türkmen radiosynyň sazçylyk redaksiýasynda redaktor bolup işleýär. 1977-nji ýylda Kompozitorlar birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Ol «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanýar. Oňa 1992-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly at dakylýar.1977-nji ýyldan tä ömrüniň ahyryna çenli Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk uçilişşesinde mugallym bolup işleýär. Aşyr Kulyýew, Weli Ahmedow,Weli Muhadow ýaly ussat halypalar onuň döredijilikdäki ýakyn maslahatçylary bolupdyr.

  • Döredijiligi:

    Orazgylyç Gurbanýazowyň maşgalasynda arkama-arka dutardyr gyjagy çalanlary-da, aýdym aýdanlary-da bar. Onuň garry atasy Gara Japar, atasy Berdigylyç, kakasy Gurbanýaz, agasy Hydyr bu ugurdan gaty zehinli bolupdyr. Ýöne onuň agasy Hydyr has-da ussat sazanda eken. Ezberlik bilen iňňän çylşyrymly öwrümleri, nepislik bilen çalypdyr. Onuň kakuwy-da, perdelere ynamly basyşlary-da diýseň ykjam bolupdyr. Maşgalasyndaky halypalaryň görüm göreldesi onuň üçin ilkinji saz mekdebi bolýar. Agasy Hydyr  oňa  bilýänlerini irginsiz öwredýär. Ol ýadaman-ýaltanman şol bir heňi , şol bir öwrümi telim gezek gaýtalap öwreder eken. Orazgylyç Gurbanýazowyň ejesi halyçylyk, keşdeçilik bilen meşgullanypdyr. Geljekki kompozitor ýaşlygyndan milli sungatlarymyzyň arasynda terbiýelenýär. Ol ýaşlygyndan obadaşy Annaesen agadan  gyjak çalmagyň inçe syrlaryny öwrenýär. Nurberdi Gulow, Wary Aýjanow, Mämmetguly Gaýlyýew we başga-da onlarça Etrekli bagşylaryň ýanynda gyjakda sazandarlyk edýär. Bu bolsa oňa durmuş hem sungat mekdebi bolýar. Il-günüň arasynda märekäniň öňünde çykyş etmek onuň özünden talap edijiligini artdyrýar. Uly-uly halypalaryň goltgy bermegi ony döredijilige ruhlandyrýar. Ol 1954-nji ýylda Aşgabada işe gelende ilki bilen ussat sazanda Pürli Saryýew garşy alýar we oňa turuwbaşdan hemaýat berýär. Sebäbi ol Orazgylyç Gurbanýazowyň ata-babasyna belet adam eken. Sary bagşy, Täçmämmet Suhanguly, Mylly aga iş sapary bilen Etrek etrabyna baranlarynda Orazgylyjyň garry atasy Gara Japaryň öýünde myhman bolýan ekenler. Sary bagşy bilen Gara Japar ataly-ogul ýaly gatnaşykda bolupdyrlar. Şoňa görä-de Gara Japaryň ady dakylan Japar Ýakup ogluna «kakam» diýip ýüzlener eken. «Pürli aga bilen Mylly aganyň ak ýürekden hemaýat beren atalyk aladasy bolmadyk bolsa men saz merdiwanynyň basgançaklaryna ynamly aýak basyp bilmezdim» diýip, kompozitor hemişe buýsanç bilen ýatlapdyr. Ol çagalykda aýraçylygy kän çekipdir. Şonuň üçin onuň döreden sazlary köplenç gam-gussaly bolýar. Asla ol hiç wagt şadyýan sazlary ýazaryn diýip pikirem etmändir. Kän wagtlap şowhunly, şatlyga eýlenen sazlary döredip bilmeýär. Ýöne durmuş synagynda taplanan, zehinli kompozitoryň ykbalynda ýagty günleriň şöhle salmagy, onuň döredijiligine-de gün şöhlesi ýaly ýalkym saçyp başlaýar. Şeýlelik bilenem ol ençeme ruhubelent, ajaýyp aýdymlary döredýär. Onuň döredijiliginde çagalar üçinem, ulular üçinem döredilen aýdymlary kän. Ol aýdymlar häzirki günlerde-de uly höwes bilen ýerine ýetirilip gelýär. Muňa «Ýazlarym bar», «Bahar geldi», «Enem sen», «Boýlaryňa» we başga-da ençeme  aýdymlary mysal getirmek bolýar.  Mundan başga-da bäş sany marş sazyny ýazýar. Olar «Ýeňiş», «Parahatçylyk we Watan», «Serhetçileriň marşy», «Eziz ülkämiň marşy», «Döstluk» marşy. Döreden eserleri bäsleşiklere gatnaşyp 1986-njy  ýylda 2-nji baýraga, 1987-nji ýylda Anna Gurtgeldiýewiň sözlerine döreden aýdymy 1 orna mynasyp bolýar. 1983-nji ýylda Pürli aga bagyşlap elektrodutar we simfoniki orkestr üçin bir bölümli konserti döredýär. Soňky döreden sazlary truba we simfoniki orkestr üçin bir bölümdem durýan konsert. Onuň bu eseri şol wagtlarAlma-ata şäherinde geçirilen bäsleşikde baýrakly orna mynasyp bolýar. Çagalyk döwrümizde «Aý, Gülnara, Gülnara» diýip aýdan «Gülnara» atly aýdymymyz kompozitoryň çagalar üçin döreden könelmejek aýdymlarynyň biri. Ol aýdymy kompozitor gyzy Gülnaryň çagalygyna bagyşlap döredýär. Häzirki wagtda Gülnar Nuryýewanyň maşgala ojagynda asyrlar aşyp gelen gadymy gyjak saz senedi bar. Ol gyjak saz guraly ussat gyjakçy «Aly Seýidiň hut öz çalan gyjagy». «Aly Seýidiň muhammesi» diýen sazyň bardygyny saz sungatynyň wekilleriniň köpüsi bilýär, özi-de bu saz gyjakda çalynýar. Gyjagy Ahal sebitine aralaşdyranyň meşhur Hanmämmet gyjakçydygy hakynda eşidýäris. Hanmämmet gyjakçy Aly Seýidiň şägirdi bolan, özem gaty ökde sazanda bolupdyr. Pürli Saryýew gyjak çalmagy başda şondan öwrenipdir. Şoňa görä-de ol «Aly Seýidiň muhammesi», «Haraw» sazlaryny gyjakda ilki çalanlaryň biridigi barada kompozitoryň şahsy arhiw maglumatynda beýan edilipdir. Aýdyşlaryna görä, Aly Seýit türkmen milli saz sungatynyň sakasynda duran laryň biri bolan Garadäli Gökleňiň şägirdi bolup, onuň gapdalynda gyjak çalypdyr. Ikisi Etrek-Gürgen etraplaryna ýygy-ýygydan barar ekenler. Şonda her gezek Orazgylyç Gurbanýazowyň garry atasy Gara Japaryň öýünde saz-söhbet edilipdir. Şeýdibem bir gün bu gyjak Gara Japara sowgat berilipdir. Gara Japardan atasy Berdigylyja geçýär, soň kakasy Gurbanýaza, ondan soň Orazgylyja miras berilýär. Indem şol gyjak aýdym-saz sungatynyň wekilleri Türkmenistanyň halk artistleri Gülnar Nuryýewanyň hem-de ýan ýoldaşy Myratgeldi Baýramgeldiýewiň maşgala ojagynda iň bir arzyly gymmatlyk hökmünde apalanyp saklanýar. Ol gyjagyň ýasalyş aýratynlyklary baradaky täsin söhbetler diýseň gyzykly.

  • Çeşme:Aşgabat. Ylym. 2008ý. Mämmetgurban Geldigurbanowyň «Mukamly ömürler» kitaby 86-96 sahypa
  • Taýýarlan:Akgül SAPAROWA.
  • Taýýarlanan senesi:05/05/2022