JEMGYÝET

Oraza baýramynyň dabarasy

Ahlak tämizliginiň we ruhy kämilligiň belent sütüni bolan mukaddes Oraza baýramy bellenip geçilýär.

Mukaddes Remezan aýynyň dowamynda halkymyz agyz beklemek dessuryny ýerine ýetirip, tarawa namazlaryny okap, agzaçar sadakalaryny berip, sogaply işleriniň elmydama rowaç bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Oraza baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary, däp-dessurlary, ynanç-adatlary, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgeleri bilen baýlaşdyrylyp hem-de kämilleşdirilip gelinýän ajaýyp baýramlaryň biridir.

Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň halkymyza milli däp-dessurlary, edim-gylymlary doly berjaý etmäge, olary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga hem-de geljek nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikler açyldy. Soňky döwürde Türkmenistanda bellenilýän, milli ruha ýugrulan baýramlaryň sany artdy. Yslam dünýäsinde giňden bellenilýän Oraza baýramy hem şolaryň biridir. Ol Remezan aýyndaky agyz beklemegiň tamamlanan güni bellenilýär. Oňa ýagşy niýetleriň, päklenişiň baýramy diýilýär. Sebäbi otuz günüň dowamynda agzyny beklän adamlar musulman ymmatyna buýrulan, dürs ýola çagyrýan parzy berjaý edip, gowy dilegler bilen beden we ruhy tämizligi gazanýarlar.

Tutan orazalaryňyz, okan tarawalaryňyz, beren agzaçar sadakalaryňyz, Baýramyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler!

Sowgatly Atavatan Krossword bäsleşigine gatnaşmak üçin agza bolmak

Ýene-de okaň

Özbegistan Prezidenti Türkmenistandaky foruma ýokary baha berdi

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy

Gyrgyzystanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistana geldi

Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

Türkmenistan-Mongoliýa: howa gatnawlary hakynda ylalaşyga gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri