TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Tarawa namazy :Oraza aýy ýetip geldi

Tutuş yslam dünýäsinde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem Oraza aýyna gadam basylýar. Ertir 13-nji aprel Oraza aýynyň ilkinji günüdir. Türkmen halky Oraza aýyny sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy hökmünde garaýar. Şu gün ýurdumyzda hem ilkinji tarawa namazy okalar!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň alan maglumatlaryna görä, tarawa namazyna her kim öz ýany bilen namazlyklaryny alyp barmaly, täret metjide gelmezden alnan bolmaly we her kim lukmançylyk örtügini dakynan bolmaly. Namazlar görkezilen ýerlerde okalýar!

Umuman, türkmen halkymyz irki döwürlerden bäri mukaddes Oraza aýyna aýratyn sarpa goýup gelipdir. Bu sahawatly aýda ir ertirden tä Gün batýança iýip-içmekden saklanyp, agyz beklenilýär, gep-gybatdan daşda durulýar, gijelerine ybadat, haýyrly amallar edilýär. Bu aýda agzaçar sadakalary berilýär.

Agyz beklemek Oraza aýynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Bu aý ynsanyň ruhy tämizligi bilen bir hatarda beden tämizligi babatda hem uly ähmiýete eýedir. Muhammet pygamberimiz: «Oraza tutuň, bedeniňiz berk we sagdyn bolsun!» diýip, wesýet edipdir. Agyz beklemegiň saglyga edýän peýdasynyň örän uludygyny aýratyn bellemelidiris. Agyz beklemek bedeniň dynç almagyna we taplanmagyna, ömrümiziň uzalmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Oraza aýynda ähli gijelerden has haýyrly bolan Gadyr gijesi hem bardyr.

Eziz ildeşler! Mukaddes Oraza aýynda tutjak orazalaryňyz, etjek doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

ORAZA WAGTYNYŇ HASAPLAÝJYSY HYZMATYŇYZDA

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty Oraza aýynda agyz beklenýän we açylýan wagtlary yzygiderli Size ýetirip durar.

Biziň saýtymyzda ýerleşdirilen hasaplaýjyda agyz beklemäge hem-de açmaga näçe wagt galandygyny yzygiderli habarly bolup bilersiňiz. Biziň taýýarlan hasaplaýjymyz Size agzy açmaga hem-de beklemäge näçe wagt galandygyny görkezip durar. Bu maglumaty Siz saýtymyzyň sag kenaryndaky ýörite ýerden tapyp bilersiňiz!

Bu mümkinçiligi size ilkinji bolup, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň ýetirýändigini hem bellemek gerek.

 

Türkmenistan boýunça agyz beklenýän we açylýan wagtlar

 

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle