TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Önümçiliginiň 20 göterimini Hindistanda amala aşyrar

Dünýä belli “Apple” kompaniýasy önümçiliginiň 20 göterimini Hytaýdan Hindistana geçirmegi meýilleşdirýär. Hindistanyň hökümet ýolbaşçylary “Apple” kompaniýasynyň önümçiliginiň bir bölegini Hindistanda amala aşyrmak meýilnamasy barada mälim etdiler. Bu barada “The Indian Economic Times” neşiri habar berýär.

2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli “Apple” kompaniýasy smartfon önümçiliginiň bir bölegini Hindistanda amala aşyrar. Meýilnama laýyklykda, Hindistanda 5 ýylyň dowamynda 40 milliard dollar möçberinde telefon öndüriler.

Hindistanyň hökümeti bilen “Apple” kompaniýasynyň arasyndaky ylalaşyk elektronika önümçilige goldaw bermek baradaky çäreleriň esasynda amala aşyrylar. “Apple” kompaniýasyna zerur ýeňillikleri almak üçin her ýyl 10 milliard dollarlyk önüm öndürmeli bolýar.

2019-njy ýylda “Apple” kompaniýasy Hindistanda 0,5 milliard dollarlyk telefon öndürip, 1,5 milliard dollar telefon satdy. Deňeşdirmek üçin 2018 – 2019-njy ýyllarda bu kompaniýa Hytaýda ýylda ortaça 110 milliard dollar önüm öndürdi.

Bu meýilnama durmuşa geçirilse, Hindistan “iPhone” smartfonlarynyň esasy eksportçysy bolup biler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda dürli maksatly plastik kartlar öndüriler

Içerki bazarda tüýjümek önümler ýerlenildi

Owganystan TOPH taslamasyny başlamaga taýýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle