TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Online Taksi hyzmaty :Taksi telefon belgileri

Online taksi hyzmaty üçin haýsy mobil programmalar ýüklemek gerek?  Taksi çagyrmak üçin haýsy belgilere jaň etmeli? Biz Size öň şäher içi awtobus gatnawlarynyň ugurlary barada maglumaty ýetiripdik.

Şu  ýylyň 4-nji aprelinden 11-nji apreli aralygynda sagat 08.00-dan 18.00-a çenli paýtagtymyzyň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler. Şol sebäpli www.atavatan-turkmenistan.com  saýtymyzyň Paýtagtymyzda ýaşaýan we bolýan okyjylary üçin Aşgabat şäheri  boýunça taksi hyzmatlary baradaky maglumatlary  ýetirýäris.

Taksi hyzmatlaryny ýerine ýetiriji – “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.

Taksi hyzmatlaryny onlaýn usulynda sargyt etmek üçin ulanylýan “Taksi hyzmaty” programmasyny Play Market ýa-da App Store goşundysyndan müşderileriň enjamlaryna (Android ýa-da IOS) ýüklemek mümkünçiligi döredilen.

Bu programmany ýüklemek üçin internet saýtlaryň salgylary:

Android Salgysy

IoS Salgysy 

Bu programma arkaly gije-gündüziň islendik wagtynda müşderiler TAKSI sargydyny edip bilýärler. Sargyt edilende programma arkaly müşderä iň ýakyn bolan taksi awtoulagy iberilýär we bu awtoulagyň döwlet belgisi müşderä SMS iberilip, habar berilýär. Şeýle hem, sargyt ýerine ýetirilenden soň hyzmatlaryň bahasy baradaky maglumat müşderä SMS görnüşinde iberilýär. Şeýle-de “Taksi hyzmaty” programmasy müşderiň sargydyny başyndan soňuna çenli onlaýn şertlerinde gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Taksi sargydy üçin tölegleri nagt we nagt däl görnüşde amala aşyrmak mükinçiligi döredilen. Bu hyzmatlary ýerine ýetirilende bildirilýän talaplara laýyk gelýän döwrebap awtoulaglar ulanylýar.

Şeýle hem, müşderiler üçin: 76-05-01; 76-05-02; 76-05-03 belgilere jaň edip, gije-gündüziň islendik wagtynda TAKSI sargydyny etmek mükinçiligi döredilen.

 

Aşgabat :Şäher içi Awtobus ugurlary

 

Ekologiýa çäresi: jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler

Ýene-de okaň

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna pasport resmileşdirmek üçin talap edilýän resminamalar

Ata Watan Eserleri

Teswirle