BIZNES

Onlaýn Söwdanyň Türkmenistan nusgasy

Türkmenistanda onlaýn söwdanyň ösüşi barada Agageldi Italmazowyň “Türkmenistan” gazetinde neşir edilen “Onlaýn söwda: gapyda kabul ediň!” atly makalasynda mysallar bilen görkezilýär. Bu gyzykly we peýdaly makalany siziň bilen paýlaşýarys.

Tehnologiýa adamyň mümkinçiliklerini şeýle bir giňeltdi welin, bu gün mundan 10 — 20 ýyl ozal düýşümize-de girmedik zatlary aňsatlyk bilen amal edip bilýäris. Ýönekeýje mysal: indi haýsydyr bir öý goşuny ýa-da başga harydy almak üçin dükandan-dükana, bazardan-bazara aýlanyp, wagt ýitirip ýörmek gerek däl. Gerekli harydyňy öýde oturan ýeriňde, çaý başynda internete girip saýlap, diňe saýlamagam däl, öýe çenli getirdip bolýar. Bütin dünýäde bolşy ýaly, eltip bermek hyzmaty biziň ýurdumyzda hem gerimini barha giňeldýär. Munuň üçin köp sanly internet saýtlary we mobil programmalar döredildi. Hususy taraplar, kiçi telekeçilik emele geldi, hatda käbir iri kärhanalaryň resmi saýtlarynda hem onlaýn söwda üçin bölümler açyldy. Şunda müşderiler her dürli ýeňillikler bilen höweslendirilýär.

Häzirki günlerde eltip bermek hyzmatynyň ähmiýeti has uly. Şuny nazarda tutup, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýakynda öz resmi saýtynda ýurdumyzyň çäklerinde gyzgyn naharlary, azyk önümlerini we hojalyk harytlaryny eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýan hususy taraplaryň sanawyny ýerleşdirdi.

Aşgabat şäherinde onlaýn söwda

Aşgabat şäherindäki hyzmatlardan başlanýan sanawda dürli konditer önümlerini we gyzgyn naharlary öýe eltip berýän garbanyşhanalaryň 13 sanysy görkezilýär. Olardan «Kenek», «Talhan» kafeterileri we «Şokolad» restorany diňe konditer önümlerini eltip bermäge ýöriteleşdirilendir. Öýe gyzgyn naharlary getirtmek isleýän paýtagtlylar bolsa «Sim-Sim», «Aşgabat», «Çatma», «Soltan», «Argentina», «Umyt», «Köpetdag» we «AlpET» restoranlaryna ýüz tutup bilerler. «MB» we «Hezzet» restoranlary bolsa, hem konditer önümlerini, hem-de gyzgyn nahar eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýärler.

Agzalan sanawda paýtagtymyz boýunça azyk önümlerini we hojalyk harytlaryny eltip berýän söwda merkezleriniň 6-sy görkezilipdir. Has takygy, paýtagtymyz boýunça bu hyzmaty «Halk market», «Milli market», «Hezzet market», «Paýtagt market», «Altyn market» we «365 gün market» söwda merkezleri amala aşyrýar.

Ýeri gelende, TSTB-niň resmi saýtynda ýokarda agzalan we ýurdumyzyň sebitleri boýunça aşakda görkeziljek hyzmat merkezleriniň telefon belgileriniň ýerleşdirilendigini hem aýtmak gerek. Görkezilen belgä jaň edip, her kim gerekli zadyny sargyt edip biler.

Ýokarda aýdyşymyz ýaly, eltip bermek hyzmatyny öz işiniň esasy ugruna öwren wirtual taraplar hem bar. Olar ýöriteleşdirilen internet saýtlary we mobil programmalarydyr. Agzalan sanawda bu hyzmatlar boýunça «www.giper.com», «www.isleg.com», «www.menu.tm», «www.100haryt.com», «www.saraylyhouse.com», «www.nur.market» internet saýtlarynyň we «giper.tm», «menu.tm» mobil programmalarynyň atlary görkezilýär. Bu internet gurluşlary arkaly gyzgyn naharlary hem, azyk önümleridir hojalyk harytlaryny hem sargyt edip bolýar. Ýeri gelende aýtsak, ýokarda görkezilen garbanyşhanalar, söwda merkezleri we internet gurluşlary diňe paýtagtymyza däl, eýsem, Ahal welaýatynyň hem etraplarynyň birnäçesine hyzmat edýär. Internet saýtlarydyr mobil programmalaryň arasynda tutuş ýurt derejesinde hyzmat edýänleri-de bar.

Mary welaýatynda onlaýn söwda

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Mary welaýaty boýunça «Belent», «Safi», «Kristal», «Görelde» we «Uly bag» ýaly restorandyr kafeterileriň gyzgyn naharlary eltip bermek hyzmatyny amala aşyrýandygyny habar berýär. Azyk önümleridir hojalyk harytlaryny bolsa «Görelde», «Täze Aý», «Täze gün», «Stambul» we «Belent» söwda merkezlerine sargap bolar.

Lebap welaýatynda onlaýn söwda

Gyzgyn naharlary öýe eltip bermek boýunça Lebap welaýatynyň merkezi şäherinde garbanyşhanalaryň 10-a golaýy görkezilýär. Olaryň arasynda «Fitçi House» tiz tagam merkezi we «Traktir», «Praga», «Kardeliýa», «Ýaprak», «Maksatly», «Aladdin», «Duşuşyk» we «Kyrk gyz» garbanyşhanalary bar. Şäherde we onuň ýakalarynda telekeçiler Ýoldaş Guzyýewiň, Ýusup Umarowyň, Gülşat Babanazarowanyň ýolbaşçylygyndaky hem-de «Halk market», «Kämil market» söwda toplumlarynyň welaýatdaky şahamçalary dürli azyk önümleridir hojalyk harytlaryny eltip bermek hyzmatyny alyp barýar.

Daşoguz welaýatynda onlaýn söwda

Daşoguz welaýatyndan gyzgyn naharlary eltip bermek üçin TSTB-niň sanawyna dürli garbanyşhanalaryň 9-sy girizilipdir. Olaryň hatarynda welaýat merkezindäki «Bagtyýarlyk», «Gözel» restoranlary, «Güneş», «Laçyn», «Arkadaş», «Bäş ýyldyz», «Jana» hem-de telekeçiler Bahadyr Kadyrowyň, Halbibi Kakabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky kafeler bar. Azyk önümleridir hojalyk harytlaryny eltip bermek hyzmatlaryny bolsa «Kämil market» bilen «Millenium market» alyp barýar.

Balkan welaýatynda onlaýn söwda

Balkan welaýaty boýunça sanaw has uly. Hatda hyzmat merkezleri welaýatyň käbir etrapdyr şäherleri boýunça bölünipdir. Mysal üçin, Balkanabat şäherinde ýaşaýan bolsaňyz, gyzgyn naharlary «Milli tagam», «Burawçy», «Uly Balkan» kafelerinden we «Zemin» restoranyna sargap bolar. «Merw», «A», «Halk», «Lomaý we bölek» marketleri bolsa şäheriň ilatyna azyk önümlerini we hojalyk harytlaryny eltip berýär. Türkmenbaşy şäherinde gyzgyn naharlary sargamak üçin «Zemin» restoranyna we «Akpamyk» kafeterisine ýüz tutmaly. «Şanly» we «Kuwwatly» söwda merkezleri bolsa azykdan we hojalyk harytlaryndan ýüküňizi ýetirer!

Welaýat boýunça sanawy Serdar şäherindäki hyzmatlar jemleýär. Şäherde gyzgyn naharlary «Ýekeje» we «Aýperi» garbanyşhanalaryna, azyk önümleridir hojalyk harytlaryny gök önümler we miweler dükanyndan, «Aýly agşam» söwda merkezinden we şäherdäki käbir azyk dükanlaryndan getirtmek mümkin.

Häzir islendik garbanyşhana ýa-da söwda merkezi eltip bermek hyzmatyna döwtalap. Olar bu işi biri-birinden gowy ýerine ýetirýärler. Önümiň hili, naharyň tagamy we wagt — olaryň ählisi-de — esasy ýörelge. Şonuň üçin hem ýurdumyzda eltip bermek hyzmaty barha ösýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda satyjy-müşderi gatnaşygy gün-günden kämilleşýär.

Agageldi ITALMAZOW.

«Türkmenistan».

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş

Ata Watan Eserleri

«ADIPEC-2024» halkara sergide we konferensiýada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy tanyşdyryldy

“Daýhanbank”: “Talyp karzy” we “Toý karzy” hyzmatyny hödürleýär

Aşgabatda Eýranyň “Iran Agro Food” sergisi geçiriler

Ispaniýa Türkmenistan bilen söwda hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildriýär

Stambulda 2024-nji ýylyň noýabrynda iň uly halal sergisi açylar