TEHNOLOGIÝA

«OnePlus 8» akylly telefonlary 14-nji aprelde satuwa çykarylar

Häzirki wagtda dünýädäki elektron enjamlaryny öndürýän kompaniýalar yzygiderli ýokary hilli harytlary alyjylara hödürleýär. Şu ýylyň 14-nji aprelinde «OnePlus 8» we «OnePlus 8 Pro» akylly telefonlary müşderilere ýetiriler. Kompaniýanyň ýolbaşçylary bu akylly telefonlaryň bahasynyň müşderileriň garaşýanyndan gymmat bolmagynyň mümkindigini belläp geçýärler. Olaryň «OnePlus 8» modeliniň Ýewropa sebitindäki bahasynyň 719 ýewro barabar bolmagyna garaşylýar. Olaryň içki ýady 128 GB barabardyr. «OnePlus 8 Pro» akylly telefonlarynyň bahasy 919 ýewrodan başlajakdygy mälim edildi. Telefonlarynyň beýlekilerden aýratynlyklary 14-nji apreldäki tanyşdyrylyş dabarasynda giňden beýan ediler.

Ýene-de okaň

Hytaý Azerbaýjanda elektrikli awtobus öndürer

“Apple” kompaniýasy Hindistanda 14 milliard dollarlyk önüm öndürdi

“Apple” kompaniýasy 48 ýaşyna gadam basdy 

Hytaýda 5G ulanyjylarynyň sany 851 milliona ýetdi

Hytaýyň “Xiaomi” tehnologiýa kompaniýasynyň elektrikli ulagy satylyp başlandy

Ata Watan Eserleri

Hytaý emeli intellektde ABŞ-dan öňe saýlandy