TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Öňdebaryjylar ýeňiş gazandy

Ispaniýa çempionatynyň 28-nji tapgyrynda çempionatyň öňdebaryjylary “Barselona” bilen “Real Madrid” toparlary ýeňiş gazandylar. Lionel Messili  “Barselona” “Malýorka” toparyny 4:0 hasabynda utan bolsa, sanawda ikinji orunda barýan “Real Madrid” öz meýdançasynda “Eýbar” toparyny ýeňdi. Duşuşyk 3: 1 hasabynda tamamlandy. Madridlileriň düzüminde: Toni Kroos, Serhiýo Ramos we Marselo gol geçirmegi başardylar.

Ispan çempionatynyň öňde toparlaryndan “Atletiko Madrid” bolsa “Atletiko Bolbao” bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Ispaniýaly  Serhiýo Ramos goragçy hökmünde iň köp gol geçirmekde “Barselona”-nyň öňki oýunçysy Ronald Kumanyň yzyndan ýetmegi başardy. Ramos bilen Kuman hem ikisiniň hasabynda umumy 67 gollary bar. “Santiago Bernabeu” stadiony dikeldiş-abatlaýyş işlerini geçirilýändigini göz öňüne tutup, duşuşyk “Alfred Di Stefano” adyndaky “Real Madridiň” ikinji stadionynda tomaşaçylarsyz geçirildi.

“Real Madrid” 200-nji oýny baş tälimçi Zinedin Zidanyň ýolbaşçylygynda geçirdi. Şa topary fransuz hünärmeni bilen bilelikde 132 ýeňiş gazandy. Häzirki wagtda “Real Madrid” 59 utuk toplap, Ispaniýa çempionatynyň sanawynda 2-nji ýeri eýeleýär. 27 utuk bilen “Eýbar” 16-njy orunda ýerleşýär. “Real Madrid” indiki duşuşygyny 18-nji iýunda öz meýdançasynda “Walensiýa” toparyna garşy oýnar.

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle