2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirijek tomusky Olimpiýa oýunlarynda türgenlere 500 görnüş tagam hödürlener. “ Inside the Games” neşiriniň habaryna görä, Olimpiýa oýunlarynyň türgenler şäherçesindäki naharhanada 500 görnüş tagam bolar.
Bellenilip geçilişi ýaly, tagamlar ýörite berhiz, iýmit endikleri hem-de dini däp-dessurlar göz öňünde tutulyp taýýarlanar. Her gün 40 müň tagam taýýarlanar we naharhana birbada 3500 adam naharlanyp biler.
Şeýle hem türgenler şäherçesinde konditer önümleriniň bölümçesi hereket edip, onda fransuzlaryň meşhur baget çöregi, kruassan süýji nany we beýleki konditer önümleri göz öňünde tutular. Türgenlere alkogolly içgiler hödürlemek göz öňünde tutulmaýar.
Mälim bolşy ýaly, Pariždäki Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly-11-nji awgusty aralygynda geçiriler.