DÜNÝÄ

Olimpiýa alawy Gresiýadan Ýaponiýa getirildi

Olimpiýa alawy Gresiýadan demirgazyk-gündogaryndan Ýaponiýanyň Miýagi prefekturasyna getirildi. Bu barada Ýaponiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Alawy garşylamak dabarasyna “Tokio 2020” guramaçylyk komitetiniň başlygy Yoshoşiro Mori, Ýaponiýanyň Olimpiýa komitetiniň, Dzýudo federasiýasynyň başlygy Ýasuhiro Ýamasita, dzýudo boýunça üç gezek Olimpiýa çempiony Tadahiro Nomura we erkin göreş boýunça üç gezek Olimpiýa çempiony Saori Yoshoşida gatnaşdylar.

Dabarada çykyş eden guramaçylyk komitetiniň başlygy Yoshoşiro Mori  Olimpiýa oýunlaryny howpsuz we ygtybarly ýagdaýda geçirmek üçin uly tagalla etjekdiklerini mälim etdi. Şeýle hem ol bu dabaranyň dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli gysgaldylan maksatnama esasynda geçirilýändigi üçin hem ötünç sorady.

Ýaponiýanyň çäklerinde Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýörişi 26-njy martda başlanar. Olimpiýa oýunlarynyň alawy Gresiýada ýakylypdy.

Şu ýylyň 24-nji iýuly-9-njy awgusty aralygynda Tokioda tomusky Olimpiýa oýunlary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Italiýan gözelligi, fransuz nepisligi we türkmen nagyşlary: Aşgabat moda sergisinde görkezildi

Ata Watan Eserleri

Rustam Minnihanow Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine iş sapary

Ata Watan Eserleri

Kataryň Emiri bilen duşuşyk geçirildi

Stambulda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçiriljek çäreler boýunça brifing geçirildi