DÜNÝÄ

Olaf Şolz Merkezi Aziýanyň Prezidentleri bilen duşuşar

Germaniýanyň Federal hökümet metbugat we maglumat gullugynyň habaryna görä, 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolz Berlinde Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri bilen duşuşar.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary, Federal Kansleriň çakylygy boýunça bu formatda ilkinji gezek ÝB-ine agza ýurtlaryň biri bilen duşuşar.

– Bilelikdäki iş naharynda sebit we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem sebit we Germaniýa üçin möhüm bolan özara gatnaşyk meselelerine serediler – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Şeýle hem, 28-nji sentýabrda Şolz Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer. Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikler 29-njy sentýabrda meýilleşdirilýär.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, ykdysady we energetika syýasatlarynda hyzmatdaşlygy öz içine alýan köp sanly meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

29-njy sentýabrda Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Staýnmeýeriň Berlinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri bilen duşuşjakdygy habar berildi.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň täsirli zenanlary

Türkmenistanyň Prezidenti Zambiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

COP-28: 30 milliard dollarlyk howa gaznasy dörediler

Ata Watan Eserleri

Antoniu Guterriş: 2023-nji ýyl iň yssy ýyl boldy

Türkmenistan we Azerbaýjan gümrük pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler