Öküziň heýkeliniň ussady aradan çykdy

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň meşhur Uoll-strit (Wall Street) köçesiniň nyşanyna öwrülen bürünçden ýasalan öküziň heýkeliniň ussady Arturo Di Modika 80 ýaşynda aradan çykdy. Birnäçe wagtdan bäri ýarawsyzdygy mälim edilen Di Modikanyň dogduk şäheri Sisiliýada aradan çykandygy habar berildi.

Nýu-Ýork şäheriniň birža binasynyň öňündäki bürünçden ýasalan öküziň heýkeliniň ussady italiýaly sungat işgäri Arturo Di Modikadyr. Ol 40 ýyldan gowrak wagt Nýu-Ýork şäherinde ýaşady. 1973-nji ýylda Nýu-Ýork şäherine gelip, bu ýerde özüne studiýa açýar. 1989-njy ýylyň 16-njy dekabrynda rugsat alman Uoll-strit köçesiniň ugrunda bürünçden ýasan öküziň heýkelini dikýär.

Ol 1987-nji ýylda biržanyň dargamagyndan soňra ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň daýanjy hökmünde ony alamatlandyrýan üç ýarym tonna agramynda bürünç heýkeli ýasamak üçin 350 müň dollar sarp edipdir. Ol şol kynçylyk döwrüni şeýle suratlandyrýar.

– Çökgünlik wagtydy. Nýu-Ýorkuň biržasy bir gijede 20 göterimden gowrak pese gaçdy we köp sanly adam mundan ýaramaz täsirlendi – diýip, belläp geçýär.

Okap bilersiňiz  Melhemlik ys

Italiýaly sungat işgäri öz dogduk şäheri Wittoriýada ekiz bedew heýkelini oturmak üçin bu taslamanyň üstünde işleýän eken. 40 metr beýikligindäki bu eserini hem derýanyň kenarynda oturdylmagyny arzuw edipdir.

2017-nji ýylda Uoll-strit köçesiniň ugrundaky öküziň heýkeliniň gapdalynda “Gorkmaýan gyz” heýkeli hem oturdyldy. Muňa Arturo Di Modikanyň garşy çykmagy bilen soňra “Gorkmaýan gyz” heýkeli şäheriň başga köçesine geçirildi.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!