BILIM

Okuwçy gyzlar ýol hereketiniň düzgünleri boýunça bäsleşdi

Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Aşgabat şäheriniň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçy gyzlaryň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan «Ýollarymyz rowan — geljegimiz dowam!» atly bäsleşik geçirildi. Oňa 7-8-nji synplarda bilim alýan okuwçy gyzlar gatnaşdylar. Bu barada «Nesil» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesiniň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşigiň öňünde mekdep okuwçylarynda paýtagtymyzyň köçelerinde özlerini howpsuz we medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemek maksady durýar.

Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, birinji tapgyrda okuwçy gyzlar nazaryýet usulynda ýörite taýýarlanan sowallara jogap berdiler. Ikinji tapgyrda bolsa olar matanyň ýüzüne ýol belgileriniň suratyny keşde görnüşinde çekip, el hünäri boýunça bäsleşip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşige mynasyp baha bermek üçin ony guraýjylar tarapyndan tassyklanan eminler topary gatnaşdy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, has gowy netije gazanan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary, şeýle hem Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Aloe weranyň peýdasy we bejeriş aýratynlyklary

 

 

Ýene-de okaň

«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçirilýär

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden belleniler

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görülýär

Ylymlar gününde geçiriljek çäreler

Ýaponiýa talyp hakly okuw maksatnamalaryna çagyrýar

Türkmen wekiliýeti “THE Aziýa baýragy- 2024” sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri