TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Okuwa kabul edilýär

Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi 2020/2021-nji okuw ýy­ly üçin aşak­da­ky hü­när­ler bo­ýun­ça oku­wa ka­bul ed­ýän­di­gi­ni yg­lan ed­ýär.

  1. 1. Dizaýn (interýer bezegi, landşaft dizaýn, floristika) — 10 aý;
  2. 2. Buhgalter-kassir —10 aý;
  3. 3. Kompýuter sowatlylygy — 2,5 aý;
  4. 4. Iň­lis dili:

— başlangyç dereje — 4 aý;

— orta dereje — 4 aý;

  1. 5. Rus dili:

— başlangyç dereje — 4 aý;

— orta dereje — 4 aý.

Okuwlara Türkmenistanyň orta we hünär bilimli raýatlary kabul edilýär. Kompýuter sowatlylygy we iň­lis, rus dilleri boýunça okuwlara mekdep ýaşyndakylar hem kabul edilýär.

Okuwlar Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň döwrebap, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen okuw otaglarynda, tejribeli mugallymlar tarapyndan geçirilýär.

Okuwlar tölegli.

10 aýlyk möhletli okuwlara welaýatlardan kabul edilenler umumy ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.

 Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada müdiriň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soň­ky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 ölçegdäki alty sany surat; Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, kabul ediş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

— pasportyny ýa-da dogluş hakyndaky şahadatnamasyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Resmi iş kagyzlary ylmy-önümçilik merkezinde 2020-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Okuwy tamamlanlara şahadatnama berilýär.

Sal­gysy: Aş­ga­bat şä­he­ri, Büz­me­ýin et­ra­by­nyň Se­na­gat kö­çe­si­niň 51-nji ja­ýy.

Te­le­fon bel­gi­le­ri: 33-52-70; 39-26-05. Faks: 33-53-62, öý­jük­li te­le­fon: +993 65 03 71 73.

E-mail: tit.we.uki@gmail.com

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle