Daşary ýurtlarda bilim alýan talyplara Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankyndan uly hyzmat. Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik Bankyň resmi web saýtynda ýerleşdirilen habara görä, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky daşary ýurtlarda bilim alýan talyplaryň okuw töleglerini tölemeklik üçin hyzmatlaryny hödürleýär !
Daşary ýurtda bilim alýan talyplaryň okuw töleglerini geçirmeklik üçin gerekli resminamalar şu aşakdakylardan ybarat :
– Daşary ýurduň bilim edarasynda okaýandygy baradaky güwanama;
– Daşary ýurt bilim edarasynyň bank hasaby barada doly maglumat (şertnama ýa-da hasap-faktura);
– Talybyň milli, daşary ýurt pasportlarynyň (daşary ýurda gidendigi-gelendigi baradaky ähli bellikler bilen) we dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň göçürmesi;
– Talybyň okuw puluny tölejek raýatyň (maşgala agzasynyň) pasporty we göçürmesi.
Bankyň berýän bu hyzmaty, ýyllyk okuw tölegi döwlet uniwersitetine garanyňda has gymmadrak bolan Türkiýäniň hususy uniwersitetlerinde okajak talyplara uly ýeňillik bolup biler!
Isler öz ýurduňda isler daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bolsun, uniwersitetde bilim almak her bir ýaş oglan-gyzyň we olaryň ene-atalarynyň baş arzuwlarynyň biri bolsa gerek. Okamak, öwrenmek, bilim almak, özüňe, maşgalaňa we ýurduňa peýdaly ýaşlar bolup ýetişmek gör nähilli ajaýyp duýgu!
“Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak” şygary astynda öz işlerini amala aşyrýan Atawatan Topary, gelejegimiz bolup durýan ýaş oglan-gyzlarymyzyň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw jaýlaryna ýerleşmek amallary boýunça maslahat hyzmatlaryny hödürleýär we şu maksat bilen ilkinji nobatda Türkiýäniň abraýly birnäçe uniwersiteti bilen “Ygtyýarly Wekil” ylalaşygyna gol çekişdi.
Indi Siz ýaş oglan -gyzlar, Stambul şäherinde ýerleşýän birnäçe uniwersitete, şol uniwersitetiň ygtyýatly wekili bolup durýan Atavatan Danışmanlık şereketiniň maslahat hyzmatlary bilen ýerleşip bilersiňiz!
Stambul şäherinde Türkiýäniň kanunçylygyna laýyklykda terjime we maslahat hyzmatlaryny hödürleýän Atavatan Danışmanlık şereketi şol uniwersiterler barada giňişleýin maglumatlar bermek, resminamalaryňyzy taýynlamak we terjime etmek, şeýle hem, uniwersitete ýerleşdirmek ulgamynda maslahat hyzmatlaryny berýär.
Siz Atavatan Danışmanlık şereketiniň resmi IMO hasabyna goşulyp has giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz!
IMO Atavatan :
+90 538 086 26 06
+90 532 401 71 52
Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi
Aksaray mahallesi Koçibey sokak, Erler Apt No:34 D:7 Kat:4 Fatih/ İstanbul
E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com
Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)
Telefon : +90 212 633 4000
IMO Atavatan 1 : +90 532 401 71 52
IMO Atavatan 2 : +90 538 086 26 06
WhatsApp Atavatan : +90 532 401 71 52
Resminamalaryň Terjimesinde Makul Hyzmat Terjime Merkezi
Makul Hyzmat IMO hasabyna goşulyň : +993 63 78 96 73
Habarlaşmak üçin
Makul Hyzmat Terjime Merkezi
Aşkabat, Ankara köçesi, 25, A Blok, 401
E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com
Telefon : +993 63 78 96 73
Telefon : + 993 12 96 48 55