TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Okroşkanyň taýýarlanyşy we peýdasy

Tomus paslynyň gelmegi bilen häzirki wagtda uly isleg bilen tükedilýän tagamlaryň biri hem Okroşkadyr. Okroşkada ösümlik maddalarynyň,witaminleriň, mikroelementleriň we uglewodlaryň, et önümleriniň we ýumurtgalaryň beloklaryň bolmagy adam saglygyna berýän peýdalary örän ýokarydyr.  Horlanmak isleýän semiz adamlara üiçn hem örän peýdaly hasaplanylýar. Okroşka Tiz we bahym taýýarlanýan tagamlaryň biridir.

Okroşka taýýarlamak üçin gerekli önümler:

  • Pomidor 4 sany ,
  • Hyýar 3 sany,
  • Sarymsak 2 diş,
  • Turp 2 sany,
  • Ikrop oty ýaly dürli otlardan öz islegiňize görä,
  • Islegiňize görä konserwa mekgejewen dänesi,
  • gaýnadylan ýumurtga 2 sany,
  • gaýnadylan towuk eti (file). 300 gram
  • islegiňize görä kefir ýada süzmäni suw bilen goýultmaly

 

Taýýar önümlerimizi aramlyk dograşdyryp kefir ýada süzme (çekize) goýultmalaryny üstüne guýup  islegiňize görä duz goşup gowy edip garyşdyrmaly şeýlelikde  tagamly okroşkamyz taýýar boldy.

Işdäňiz açyk bolsun!

 

ATANYÝAZOW AMANDURDY,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy

 

Tut agajynyň miwesi – tudananyň peýdasy

 

 

 

Ýene-de okaň

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle