TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasy

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri ABŞ-nyň hökümedi tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2019-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2020-2021-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we amerikanyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar. Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän «FLEX» maksatnamasy dolulygyna öz üstüne alýar. Fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. «FLEX» maksatnamasyna 300-den gowrak fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçy gatnaşdy we olaryň 6-sy Türkmenistanyň raýatydyr.
«FLEX» maksatnamasynyň bäsleşigi aşakdaky talaplara gabat gelýän ähli ýokary synp okuwçylary üçin açykdyr:
• 2002-nji ýylyň mart aýynyň 15-den 2004-nji ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler; ýöne 11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
• Häzirki wagtda mekdepde okaýan we mekdepdäki ýetişigi gowy bolan;
• Iňlis dilinde gowy gürleşmek we ýazmak ukyplaryna eýe bolan;
• Soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;
• ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýan;
• Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar ýany bilen hÅ‘kmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatanamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, 3×4 ölçegli bir fotosurat, ruçka getirmelidirler we synaglara hökmany ýagdaýda mekdep lybasynda gelmelidirler.
Bäsleşik merkezlerine gelen ähli okuwçylar, özlerini talaba laýyk, ýagny tertipli we sylaşykly alyp barmalydyrlar, okuwçy görkezilen düzgünleri berjaý etmedik ýagdaýynda, «FLEX» maksatnamasynyň bäsleşiginden çykarylyp bilner.
Test merkezlerinde öýjükli telefonlary ýa-da beýleki elektronik enjamlaryny (iPad, iPod, we ş.m.) ulanmak gadagandyr. Okuwçy ýokarda görkezilen enjamlary ýany bilen getiren ýagdaýynda, «FLEX» maksatnamasynyň bäsleşiginden çykarylyp bilner.
Synagyň geçiriljek wagty

Türkmenbaşy, Balkan welaýaty
13- nji oktýabr  9:00
Ðœekdep â„– 10, ş.Türkmenbaşy

Balkanabat, Balkan welaýaty
20- nji oktýabr  9:00
Mekdep â„– 3, ş.Balkanabat

Daşoguz, Daşoguz welaýaty
27- nji oktýabr  9:00

Mekdep â„– 2, ş.Dashoguz

Türkmenabat, Lebap welaýaty
3- nji noýabr 9:00
Mekdep â„– 2, ş.Türkmenabat

Mary, Mary welaýaty
10- njy noýabr 9:00
Mekdep â„– 19, ş.Mary

Tejen, Ahal welaýaty
17- nji noýabr 9:00
Mekdep â„– 3, ş.Tejen

Aşgabat
24-nji noýabr 9:00
Mekdep â„– 20, ş. Aşgabat

*Ahal welaýatynyň okuwçylary özlerine has amatly bolan ýerde, ýagny Tejen ýa-da Aşgabat şäherinde geçiriljek bäsleşige gatnaşyp bilerler.
**Öz şäherinde «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek «FLEX» maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler, ýöne bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaklyk rugsat edilýär.
Doly maglumat almak üçin Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine ýüz tutup bilersiňiz:
(+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36

FLEX Program for High School Students

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Burj Halifa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekilinde ýalkym saçdy

Türkmenistanyň içeri işler ministrine polisiýanyň polkownigi ýörite ady dakyldy

Teswirle