TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ogulabat Berdimuhamedowa hatyralanyp, belli gün agzaçar sadakasy berildi

Paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar sadakasyny berdiler.

Ogulabat ejäniň ýagty ýadygärliginiň hatyrasyna bagyşlanan sadakanyň mukaddes Oraza aýyna gabat gelmeginiň ähmiýetini bellemeli.

Ogulabat Berdimuhamedowa bütin ömrüni mähriban halkymyza we eziz Watanymyza, öý-ojagyna, nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge bagyşlady. Zähmetsöýerlik we gaýduwsyzlyk, hoşniýetlilik we myhmansöýerlik, beýlekilere kömek bermäge taýýarlyk, maşgala gymmatlyklaryna wepalylyk onuň häsiýetiniň tapawutly taraplary bolup durýardy. Bu belent häsiýetleriň netijesinde Ogulabat eje ildeşlerimiziň tüýs ýürekden çuňňur hormatyna mynasyp boldy.

Köpasyrlyk däbe görä, merhumyň hatyrasyna tebärek çykylandan soň, agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi.

Nahardan soň, Türkmenistanyň müftüsi Halk Maslahatynyň Başlygynyň mähriban ejesi we Türkmenistanyň Prezidentiniň eziz enesi, Watanymyzyň wepaly zenany Ogulabat ejäniň jaýynyň jennetde bolmagyny dileg edip, aýat-töwir okady.

 

Ýene-de okaň

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Teswirle