SIZDEN GELENLER

Oba hojaygynda emeli hemra arkaly ekin meýdanlaryna gözegçilik etmek

 Häzirki wagtda sanly tehnologiýalaryň önümçilik işlerinde ulanylyşynyň gerimi has-da artýar. Şeýle hem bu tehnologiýalary oba hojalygynda, şol sanda ekerançylykda peýdalanylmagy özüniň ýokary netijesini berýär. Şeýle innowasion tehnologiýalaryň biri hem emeli hemradyr.

Sanly ulgamyň ýokary derejede ösýän döwründe ekerançylykda ekinleriň ösüş ýagdaýyna, olaryň ideg işlerine hem-de hasylynyň ýygnalyşyna emeli hemra arkaly gözegçilik etmeklige has-da uly üns berilýär. Şeýle usul önümçilik işlerini netijeli guramaga we dolandyrmaga, goýulýan maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we ahyrynda bolsa önümçiligiň ykdysady netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berer. Munuň bilen birlikde emeli hemra arkaly gözegçilik ulgamy ýerlerden netijeli peýdalanmaga we öndürilen önümleri tiz we zaýasyz ýerlemeklige täsir edýän birnäçe faktorlary seljermäge kömek eder.

Ekin meýdanlarynda alnyp barylýan önümçilik işleri baradaky maglumatlary ýörite şol ugurdan işleýän bir adama tabşyrylan ýagdaýynda onda wagt, pul serişdeleri we işçi güýjüniň sarp edilmegi ýaly ýitgileriň döremegine getirer. Emeli hemra arkaly ekin meýdanlaryna gözegçilik etmek bolsa bu ýitgileri aradan aýyryp, netijeli çözgütleri çykarmaga we önümçiligi dolandyryş nokadyndan uzak ýerlere gözegçilik edip, maglumatlary ýygnamaga ýardam berer.

Şeýle hem onuň kömegi bilen meýdan gözegçiliklerini tiz wagtda geçirip, ýerleriň hakyky netijeliligini ýüze çykarmaga we ekinlere gerek wagtynda degişli agrotehniki çäreleri geçirmäge we ekin dolanyşygyny netijeli alyp barmaga hem-de dökünleri öz wagtynda bermäge, ahyr soňunda bolsa oba hojalygynda öndürilýän içerki önümiň artmagyna itergi berer.

 

 AÝHANOWA GÜLŞAT,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy

 

Türkmen-rus işewürlik gatnaşyklary ösdüriler

 

 

Ýene-de okaň

Ähli zadyň sakasy saglyk

Gahryman Arkadagymyzyň pähiminden dörän seýilgäh

Goşa mukaddesligiň baýramy

«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçirilýär

Taryhda yz goýjak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr