TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Oba hojalyk işgärleriniň halkara güni

Oba hojalyk işgärleriniň güni halkara baýramçylyk hökmünde bütin dünýädäki oba hojalygy hem-de gaýtadan işleýän senagat pudaklaryndaky ähli işçiler üçin möhüm bolan hünär baýramydyr. Bu halkara baýram her ýylyň oktýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilip geçilýär. Bu ýyl hem 10-njy oktýabr güni bu ugurda zähmet çekýän yhlasly hem-de tutanýerli hünärmenleriň baýramy uludan bellenýär. Bu baýram birnäçe ýyllaryň dowamynda dürli atlar bilen bellenilip, adynda we senesinde birnäçe üýtgeşmeler boldy. Mysal üçin, 1999-njy ýylda “Oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat işgärleriniň güni” ady bilen bellenilipdir.

Belli bolşy ýaly, oba hojalyk pudagy iň bir iri pudaklaryň biri bolup, ol ykdysadyýetiň möhüm ugruny emele getirýär. Bu pudak ynsan ýaşaýşy üçin zerur bolan önümleriň öndürilmeginde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde we her ýurduň girdejilerini ýokarlandyrmakda zerur rol oýnaýar. Oba hojalygynda işleri talabalaýyk alyp barmaklyk daşky faktorlara gönüden-göni bagly bolup durýar, suw gorunyň hem iň köp sarp edilişi bu pudaga degişlidir. Hatda ilkidurmuş adamynyň kämilleşmeginde zähmetiň we zähmet gurallarynyň uly rol oýnandygyna taryhy maglumatlar hem şaýatlyk edýär.

Dürli sebitlerde bu baýramçylygyň özboluşly däpleri

Baýramyň şanyna dürli baýramçylyk çykyşlary, sergiler, ýarmarkalar gurnalýar. Onda oba hojalygynyň häzirki güne çenli ýeten sepgitleri, täze tehnologiýalar köpçülige ýetirilýär. Käbir ýurtlarda baýramçylygyň esasy nyşany hökmünde şol ýurduň iň bir naýbaşy hasaplanýan ekini ýa-da ýygnalan bugdaý hasyly ýörite bezegler hökmünde peýdalanylyp dürli milli şekiller taýýarlanylýar.

Ajap Baýramowa

Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby

ABŞ syýahata geljekler üçin täze şertler girizdi

 

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle