TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Oba hojalyk ekinlerine toplumlaýyn ideg işleriniň geçirilişi

Oba hojalygynda önümçilik gatnaşyklarynyň has-da ösýän döwründe ekerançylykda ýokary hilli agrotehniki çäreleri geçirmegiň uly ähmiýeti bardyr.

Ekerançylykda ýokary zähmet öndürijiligini gazanmak, işleri tiz wagtda ýerine ýetirmek we sarp edilýän önümçilik harajatlaryny peseltmek üçin alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn mehanizasiýasynyň uly orny bardyr.

Toplumlaýyn mehanizasiýa – bu önümçilikde ähli işleriň boýdan başa mehanizirlenen we belli bir maşynlar ulgamy bilen agrotehniki talaplara doly laýyklykda ýerine ýetirilýän ösen derejesidir.

Dürli görnüşdäki ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň toplumlaýyn mehanizasiýasy boýunça işleri üç topara bölmek bolar:

I topar: umumy işler  – ekinler ösdürilip ýetişdirilende ýerine ýetirilmeli agrotehniki işler (sürüm işleri, ekişiň öň ýanyndan geçirilýän işler, dökün dökmek we başgalar);

– II topar: ýörite işler – belli bir ekin üçin geçirilýän işler (ýer almany ekmek, dänäni ýygmak we ş.m.);

– III topar: kömekçi işler – esasan transport we ýüklüme – düşürme işleri.

Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde ýerleri gurplandyrmak, täze ýerleri, şorluklary we batgalyklary özleşdirmek, eroziýa garşy göreşmek ýaly işler hem geçirilýär. Bu işler dürli görnüşdäki ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň toplumlaýyn mehanizasiýasynyň aýratyn bir bölegidir.

Oba hojalyk önümçiligini toplumlaýyn mehanizasiýalaşdyrmak üçin maşynlar ulgamynyň aýratyn orny bardyr.

Maşynlar ulgamy oba hojalyk önümçiliginiň kompleksleýin mehanizasiýasynyň maddy-tehniki esasydyr. Ol oba hojalyk işleriniň doly siklini üpjün edýän, tehnologik prosesleri we öndürijilikleri boýunça biri-birleri bilen özara baglanyşykly dürli maşynlaryň toplumydyr. Bu ulgamyň has-da ösdürilmegi sarp edilýän harajatlaryň azaldylmagyna, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, ekinleriň hasyllylygynyň yzygiderli artmagyna uly ýardam berer.

SAPAROW SAPARMYRAT,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

Oba hojalygynyň mehanizasiýa

fakultetiniň Amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy

 

Wiktoriýa şaglawugy gurap barýar

 

 

 

Ýene-de okaň

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle