TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Oba hojalyk ekinlerine goşmaça ideg işleriniň geçirilişi

Ekerançylyk pudagynda önümçilik işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan döwründe oba hojalyk ekinlerine goşmaça ideg işleriniň geçirilişiniň ylmy esaslaryny aýdyň bilmekligiň hem uly ähmiýeti bardyr.

Suwarymly ýerlerde ekilen ekinlere ideg etmek birnäçe işleri öz içine alýar. Bu işlere ekine dyrmyk basmak, olara goşmaça dökün bermek, haşal otlara garşy biologiki we himiki göreş çärelerini alyp barmak, ekinlere zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşmek hem-de oba hojalyk ekinlerinde ýüze çykýan dürli kesellere garşy göreşmek çäreleri degişlidir. Bu aýdylanlaryň üstünde içgin durup geçsek has-da netijeli bolar.

Ekine dyrmyk basmak. Bu işler ekinlere suw tutulanda ýa-da ekin ekilenden soň ýagşyň ýagmagy netijesinde topragyň ýüzi gapaklanda ony owratmak, ekinleriň kadaly ösmegi üçin şertleri döretmek we topragyň bugaryjylygyny peseltmek üçin geçirilýär. Bu işler geçirilende ekinleriň ösüşine zyýan ýetirmeli däldir.

Ekinlere goşmaça dökün bermek. Bu işler özbaşdak dökün beriji maşynlaryň ýa-da ýörite niýetlenen uçarlaryň kömegi bilen geçirilýär. Agrotehniki talaplar, agregatlaryň hereketleniş usullary we beýleki görkezijiler ekinlere dökün dökmegiň esasy tapgyryndaky ýaly geçirilýär.

Haşal otlara, zyýan beriji mör-möjeklere we dürli kesellere garşy göreş çäreleri. Bu çärelerde esasan, himiki usullardan giňden peýdalanylýar.         Bu usulda zäherleýji maddalaryň erginlerini pürkme, gury külkeligine tozanlandyrma ýaly işler geçirilýär. Olary bilelikde garyp, aerozol usulyndan hem peýdalanylýar.

Oba hojalyk ekinlerine awuly himikatlary dökmegiň esasy agrotehniki talaplary:

– awuly himikatlar bellenen möhletlerde dökmeli;

– zäherli himikatlaryň mör-möjekleri ýok edişi 95%-den, haşal otlardan arassalaýşy  90%-den  az bolmaly däldir we ekinlere 0,5%-den artyk zyýan bermeli däldir. Bu talaplaryň berjaý edilişi tehnikalaryň we preparatlaryň taýýarlyk derejesine we işleriň geçirilýän möhletlerine baglydyr.

Oba hojalyk ekinlerine goşmaça ideg işleri geçirilende howpsuzlyk çäreleri doly berjaý edilmelidir.

 

GURBANOW JEPBARGULY,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugalymy

 

 Iň uzyn uçuş 4 sagat bolar

 

 

Ýene-de okaň

Ýaşlar we döwrebap bilim

Ata Watan Eserleri

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Sport we ýaşlar

Teswirle