Türkmenistanda oba hojalygynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidenti bu pudagyň ösdürilmegi, oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň ýokarlandyrylmagy, oba zähmetkeşleriniň höweslendirilmegi babatda köp sanly resminamalara gol çekdi.
Bu resminamalara laýyklykda 2019-njy ýyldan başlap, bugdaýyň we pagtanyň täze döwlet satyn alyş bahalary girizildi. Oba we suw hojalygy ministrliginde habar berlişi ýaly, 1 tonna bugdaýyň satyn alyş bahasy 2 esse, ýagny 400 manat bolandygyndan 800 manada çenli ýokarlandyryldy.
Pagtanyň bahasy çig malyň hil taýdan häsiýetnamalary nazara alnyp kesgitlenildi. 1 tonna nah pagtanyň satyn alyş bahasy ýygymyň başlanan gününden 15-nji oktýabra çenli 1 müň 500 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 1 müň 430 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 1 müň 365 manat bolar.
Öz nobatynda, 1 tonna ýüpek pagtanyň, tohumlyk pagtanyň saýlama sortunyň satyn alyş bahasy ýygymyň başlanan gününden 15-nji oktýabra çenli 2000 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 1 müň 910 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 1 müň 820 manat bolar.
Bu ýagdaý oba zähmetkeşleriniň girdejisiniň artmagyna ýardam eder. Oba hojalyk zähmetkeşleri tehnika, tohum, mineral dökünler, suw we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär.
Häzirki döwürde bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin 1 gektara edilýän harajatlaryň doly bahasy 925 manada, şol sanda kärendeçiniň harajatlarynyň ýeňillikli gymmaty 448,15 manada deňdir. Geljek ýylda 1 gektara edilýän harajatlaryň doly bahasy 1 müň 449,77 manat, şol sanda kärendeçiniň hajatlarynyň ýeňillikli gymmaty 687,54 manat möçberinde bolar, şeýlelikde gallaçylaryň harajatlarynyň ýarysyndan gowragyny ýapmaga döwlet tarapyndan pul kömegi berler.
Türkmenistanda oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan giň gerimli hem-de düýpli özgertmeleriň hasabyna bu pudakda hususy pudagyň döremegine şert döredilýär. Bu ugurda hususy hojalyklaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar.