TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Oba hojalygyny ösdürmekde telekeçiligiñ tutýan orny

Häzirki döwürde Türkmenistanda milli telekeçilik kompaniýalary ýurdumyzyň azyk bolçulygy bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlükli amala aşyrýarlar, öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan önümçilige maýa goýumlaryny goýýarlar, emele gelýän bazar ýagdaýlaryna çaltlyk bilen seslenýärler, täze pudaklarda netijeli işlerini alyp barýarlar. Munuň özi öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga, onuň hilini ýokarlandyrmaga hem-de nyrhy babatda elýeterli bolmagyny üpjün etmäge, goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Mähriban Arkadagymyz telekeçilere goldaw bermek, kiçi we orta işewürligiň netijeli işlemegi üçin zerur şertleri döretmek, ykdysdyýetiň dürli pudaklarynda bazar gatnaşyklaryna geçmeklik, eksportyň möçberini artdyrmak hem-de daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ýaly ýörelgeleri ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly ösmeginiň esasy şertleri hökmünde görkezýär.

Telekeçiligiñ bazar ykdysadyýetiniñ möhüm elementleriniñ biri bolup durýandygy, şol bolmasa döwletiñ hem, jemgyýetiñ hem doly derejede ösüp bilmejekdigi bütin dünýäde şübhesiz hakykata öwrüldi.

Kiçi we orta telekeçilikde, onuñ aýratynlyklary bilen bagly, açyk görünýän sebit gözükmesi bolýar. Kiçi we orta kärhanalar adatça öz işlerini ýerli islegiñ möçberinden we gurluşyndan, ýerli bazaryñ zerurlyklaryndan we mümkinçiliklerinden ugur alyp amala aşyrýarlar.

Häzirki wagtda öz ykdysadyýetini bazar gatnaşyklarynyñ ýörelgelerinde gurýan Türkmenistanda halk hojalyk toplumynyñ şu segmentini netijeli we depginli ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Bu salgyt ulgamynyñ kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmegiñ ýönekeýleşdirilmeginde, ýeñillikli karzlaşdyrmakda öz beýanyny tapýar.

Bu çäreleriñ ählisi yzygiderli durmuşa geçirilýän Kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda göz öñünde tutulandyr. Ol Türkmenistanda telekeçilik işini işjeñleşdirmek ýoly bilen ykdysady ösüşiñ we durmuş ösüşiniñ ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bu Maksatnamanyñ esasy wezipeleriniñ arasynda hususy bölek tarapyndan öndürilýän harytlaryñ we hyzmatlaryñ möçberlerini artdyrmak, dünýä bazarlarynda ýurdumyzyñ haryt öndürijileriniñ bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ýaly wezipeler bellenýär.

Türkmenistanyñ ähli sebitlerinde bütin ýylyñ dowamynda şäherleriñ we obalaryñ ilatyny ter gök önümler bilen üpjün etmäge ukyply ýyladyşhanalaryñ gurluşygy ýaýbañlandyryldy. Olary gurýan ýerli telekeçiler şunuñ ýaly telekeçilik taslamalarynyñ peýdalylygyny, olaryñ ykdysady taýdan ýokary netije berýändigini, ýagny girdejililigini, özüni çalt ödeýändigini we düşewüntliliginiñ gowudygyny belleýärler.

Oba hojalygy milli ykdysadyýetiniñ möhüm pudaklarynyñ biri bolup, onuñ depginli ösmegine ýurdumyzyñ oba hojalyk önümlerini öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen örän oýlanyşykly strategiýa ýardam edýär.

Döwlet tarapyndan berilýän goldaw, şol sanda ýer üçin ujypsyz möçberdäki töleg, salgytlary tölemekden doly boşatmak görnüşindäki goldaw Türkmenistanyñ oba hojalyk işgärleri üçin hakyky kömek bolup durýar. Kärendeçilere we fermerçilik hojalyklaryna tehniki hyzmat etmek, olary tohumlyk çigit, mineral dökünler, suwaryş suwy bilen üpjün etmek we hyzmatlaryñ beýleki görnüşleri ýeñillikli şertlerde amala aşyrylýar. Mundan başga-da, oba hojalyk taslamalaryny ýeñillikli karzlaşdyrmak ulgamy giñden peýdalanylýar. Şol taslamalary durmuşa geçirmek üçin ministrliklere, pudak edaralaryna, edaralara we kärhanalara, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniñ agzalaryna we fermerçilik hojalyklaryna ýer bölekleri bölünip berilýär.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde önümçilik ulgamynda-da, hyzmatlar ulgamynda hem agrar telekeçiligi ösdürmek möhüm ähmiýete eýe bolýar. Telekeçilik işi oba ilatyny iş bilen üpjün etmek, işiñ görnüşlerini giñeltmek, önümçiligiñ möwsümleýinligini çäklendirmek bilen, oba maşgalalarynyñ girdejileriniñ artmagyna we hal-ýagdaýynyñ gowulanmagyna, ýerli serişdeleriñ has doly peýdalynylmagyna ýardam edýär. Şunda agrar sektoryñ özüne mahsus bolan aýratynlyklaryna, ýagny tebigy-howa şertlerine güýçli baglylygyna, önümçiligiñ möwsümleýinligine, maýanyñ haýal dolanyşygyna, ýokary önümçilik töwekgelçiligine üns berilmelidir. Şunuñ bilen baglylykda häzirki zaman şertlerde agrar sektorda netijeli telekeçiligi ösdürmek has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Diñe bir ykdysady ösüş däl, eýsem ykdysadyýetimiziñ geljegi hem telekeçileriñ täze tehnologiýalary, hojalygy ýöretmegiñ öñdebaryjy usullaryny näderejede kabul edýändiklerine bagly bolup durýar.

Ykdysadyýetiñ agrar böleginde bolup geçýän özgermeler şu maksatlara ýetmekde telekeçilik işiniñ serişdeleri bolup durýar. Telekeçilik jemgyýetiñ nukdaýnazaryndan zyýanly bolup durýan ýagdaýlary hem, döredijilikli prosesleri hem birmeñzeş derejede üstünlikli peýdalanyp biler. Ol önümçiligi guramagyñ möwrütini geçiren görnüşlerinden ýüz öwürmegiñ esasynda hem, oba hojalygynyñ ýöne dargap gitmeginiñ esasynda hem üstünlik gazanyp biler.

Bu ýerde telekeçi (fermer, paýdar, kooperator we ş.m.) öz tebigatyna doly laýyklykda hereket edýär: onuñ üçin agrar bölekde bolup geçýän islendik özgertmeler „täzelikçillik“ üçin giñişlik bolup durýar.

Şonuñ üçin hem agrar bölekde telekeçiligiñ täze görnüşleri babatynda döwlet syýasatynyñ baş wezipesi häzirki zaman, özüniñ düýp manysy boýunça geçiş ykdysadyýetinde bolup geçýän oñun hem-de ýaramaz ýagdaýlara takyk baha bermek bolup durýar. Şunda oba hojalygynyñ hakyky ýagdaýyna jikme-jik baha bermek zerurdyr. Bu aýratyn hem olaryñ ýagdaýy we ösüşi zähmet öndürijiliginiñ, çykdajylaryñ, girdejileriñ, oba hojalyk önümleriniñ bäsleşige ukyplygynyñ maddy esasy bolup durýan önümçilik pudaklarynda möhümdir.

Oba hojalygynda telekeçilik işiniñ aýratynlygynyñ töwekgelçilik düşünjesi bilen baglanyşdyrylmagynyñ doly esasy bardyr. Näbellilik şetlerinde öz üstüñe töwekgelçilik almak oba telekeçiliginde esasy we aýgytlaýjy alamat bolup durýar. Täzelikleri girizmek bilen bagly çözgütleri kabul etmek bilen, telekeçi bazara beýleki gatnaşyjylar bilen deñeşdirilende goşmaça töwekgelçiligi öz üstüne alýar.

Gönüden-göni telekeçilik işinde tehnologiýa, maliýe, ýerlemek oba hojalyk kärhanasynyñ bitewi göwresiniñ agrar giñişliginde dowam edýän organlary bolup durýar, onuñ çäklerinden daşarda bolsa olar özbaşdak ulgamlar hökmünde hereket edýärler. Bu özbaşdak ulgamlar hem telekeçiniñ öz hojalygynyñ içinde amala aşyrýan täzelikleriniñ öñünden bolup geçýän we olary şertlendirýän özgermeleriñ oñyn (konstruktiw) görnüşde ýüze çykýan ugry bolup durýar. Täzelikler ilkibaşda oba hojalyk kärhanasynyñ içindäki özgermelere getirýär, ýöne soñra daşky ulgama hem täsir edýär, şunda täze oýlanyp tapylan zatlaryñ her biri tutuş agrar bölegiñ ýokary ýa-da pes derejede ösmegine alyp barýar.

Şonuñ üçin hem agrar bölekdäki täze telekeçilik görnüşleri babatynda döwlet syýasatynyñ baş wezipesi häzirki zaman, özüniñ düýp manysy boýunça geçiş ykdysadyýetinde bolup geçýän oñyn hem-de ýaramaz ýagdaýlara takyk baha bermek bolup durýar. Munuñ üçin oba hojalygynyñ hakyky ýagdaýyna jikme-jik baha bermek zerurdyr.

Hakykatda senagatlaşmagyñ ösen görnüşleri bolmadyk ösen bazar hojalygy bolup bilmez. Şol sebäbe görä-de, bazar hojalygynyñ şu jähtini bir gapdalda goýup bazar hojalygy, bazar özgertmeleri barada we onuñ häzirki zaman görnüşlerinde telekeçilik barada gürrüñ edip bolup bolmaz.

Senagatlaşma bazar hojalygynyñ alamaty hökmünde ykdysadyýetiñ önümçilik-tehnologik ýagdaýyny häsiýetlendirýär, şol ýagdaý bolsa onuñ oba hojalyk önümlerini öndürmekde intensiw tehnologiýalaryñ peýdalanylmagy, iri önümçiligiñ bolmagy, ylmyñ ösmegi we onuñ oba hojalygy bilen ýakyn özara hereketi, kärhanalary guramagyñ özboluşly, köplenç halatda içerki gurluşy çylşyrymly bolan görnüşleri ýaly aýratynlyklarynda ýüze çykýar. Oba hojalyk ykdysadyýetiniñ ösüş derejesi köp babatda onuñ senagat usullaryny döretmekde we peýdalanmakda näderejede öñe gidendigi bilen kesgitlenýär. Ahyr netijede bu oba hojalygynyñ bäsleşige ukyplylyk derejesini kesgitleýär.

Şonuñ üçin hem agrar bölekde telekeçiligiñ täze görnüşleri babatynda döwlet syýasatynyñ baş wezipesi häzirki zaman, özüniñ düýp manysy boýunça geçiş ykdysadyýetinde bolup geçýän oñyn hem-de ýaramaz ýagdaýlara takyk baha bermekden ybaratdyr.

  Jeren Akmämmedowa,

Türkmen döwlet maliýe

 institutynyň uly mugallymy.

 

Erik ten Hag – “Mançester Ýunaýtediň” täze tälimçisi

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle