SIZDEN GELENLER

Oba hojalygyndaky ösüşler – azyk bolçulygynyň girewi

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bo­lup, ösüş­leriň aý­dyň ýo­lu­na dü­şe­ni­ne 31 ýyl dol­ýar. Ge­çen şu dö­wür­de döw­le­ti­miz bo­ýun­ça dür­li ugur­lar­da, şol sanda hu­su­sy pu­dak­da ösü­şiň mil­li ýo­ly saý­la­nyp alnyp, düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­dy. «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen pa­ra­sat­ly sy­ýa­sat­dan göz­baş al­ýan giň ge­rim­li öz­ge­riş­ler hu­su­sy pu­da­gyň ösüş­le­ri­ne hem güýç­li iter­gi ber­di. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­lygyn­da ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na esas­lan­ýan mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz san­ly di­wer­si­fi­ka­si­ýa, se­na­gat­laş­ma esasla­nyp, eks­por­ta ukyp­ly, im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­ýän tä­ze­çe in­no­wa­si­on önüm­çi­lik­ler bi­len has-da baý­laş­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da güýç­len­dir­ýär, şol bir wag­tyň özün­de-de hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­nyň has-da go­wu­lan­ma­gy­na tä­sir ed­ýär.

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň oba hojalygynda hem giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi.

Olarda ýurdumyzyň ýedi ýyllyk möhlet üçin ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bellenilip, oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň, agrar ulgamy özgertmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen wezipeler hem kesgitlenilýär. Oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy hökmünde çykyş edýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da oba­se­na­gat top­lu­my­ny düýp­li öz­gert­mä­ge we ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sat güýç­li dep­gin­ler bi­len do­wam et­di­ril­ýär. Eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň dür­li gör­nüşle­rin­den önüm­le­ri ön­dür­mek ar­ka­ly azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da hu­su­sy ul­ga­myň işi­ne hem uly bil bag­lan­ýar. Ne­ti­je­de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan azyk we oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän te­le­ke­çi­ler ýur­dumy­zyň ag­rar pu­da­gy­ny ös­dü­rip, azyk bol­çu­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga uly go­şant goş­ýar­lar.

Bu gün­ki gün oba ho­ja­lyk­çy te­le­ke­çi­le­ri­miz ba­zar­la­ry­myzy mal eti, guş eti, ba­lyk we ba­lyk önüm­le­ri, ýu­murt­ga, süýt we süýt önüm­le­ri, şöh­lat önüm­le­ri, çö­rek we çö­rek önüm­le­ri, kon­di­ter önüm­le­ri, agyz su­wy, al­ko­gol­syz iç­gi­ler hem-de miwe şi­re­le­ri, ösüm­lik ýa­gy, gök-bak­ja önüm­le­ri, bug­daý, pag­ta, azyk­lyk dä­ne­le­ri, mi­we­ler, gap­la­nan önüm­ler, ary ba­ly, na­har du­zy bi­len do­ly üp­jün ed­ýär­ler. Oba ho­ja­ly­gyn­da te­le­ke­çi­lik işi­niň ge­ri­mi­niň gi­ňel­dil­me­gi bi­len azyk önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri hem yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýar. Ga­raş­syz­lyk to­ýu­my­zyň öňü­sy­ra­syn­da ba­zar­la­ry­myz mil­li ny­şan­ly, bäs­deş­li­ge ukyp­ly, hal­ka­ra öl­çeg­le­re ky­bap gel­ýän kon­di­ter, et, süýt, gaýt­adan iş­le­nil­ýän azyk önüm­le­ri bi­len has-da baý­laş­dy­ryl­dy.

Oba ho­ja­lyk we mal­dar­çy­lyk ugur­ly kär­ha­na­la­ryň we daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň en­çe­me­si dö­re­dildi. Ne­ti­je­de, ýur­du­myz­da hä­zir­ki wagt­da et we süýt önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän, şo­nuň bi­len bir­lik­de-de gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýän hu­su­sy iri mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry­nyň onlarçasy ha­sa­ba alyn­dy. Hu­su­sy puda­gyň we­kil­le­ri­niň bu ugur­da­ky iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri bol­sa ak ba­zar­la­ry­my­za ba­ranyň­da, has aý­dyň gö­rün­ýär. Has ta­ky­gy, dür­li ha­ryt ny­şan­ly, ýo­ka­ry hil­li, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa et we süýt önüm­le­ri­niň on­lar­ça gör­nü­şi el­ýe­ter­li ba­ha­dan halka hö­dür­len­ýär. Bu bol­sa ýur­du­myz­da ba­zar bol­çu­ly­gy­ny ber­kit­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir.

Parahat Rejepsähedow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallymy.

 

Ýene-de okaň

Raýatlaryň saglygy — döwletimiziň baş gymmatlygy

Garaşsyzlyk ― ganatymyz, bagtymyz

Garaşsyzlyk-bagtymyz

“Garaṣsyzlyk-parahatlyk binýady” atly sergi geçirildi

Garaşsyz Türkmenistanyň üstünliklere beslenýän daşary syýasaty

Türkmenistan – sagdynlygyň mekany