SIZDEN GELENLER

Oba hojalygynda ylmy tehniki ilerleme

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda iňňän uly işler amala aşyrýar. Muňa mysal edip, ýurdumyzda ylmyň gazananlaryny oba hojalygynyň beýleki pudaklarynda hem yzygiderli ornaşdyrylmagyna düşünmek bolar.

Täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, önümleriň biziň Garaşsyz watanymyzda ozal öndürilmedik görnüşlerini özleşdirmek, şol sanda ýerli çig mal serişdelerden öndürilýän önümleri öndürmek, olaryń hilini dünýä ülńülerine gabat getirmek bilen pudagy mundan beýläk ösdürmegiň iń möhüm tarapydyr. Ýokary tehnologiýa häzirki zaman gurallary bilen enjamlaşdyrylan täze kärhanalaryň işe girizilmegi dürli görnüşli önümleri öndürilmegi ýola goýmaga örän uly mümkinçilik berýär.

Gaplaýjy enjamlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak we şu esasda önümleri ýarym taýýar görnüşden döwrebap gaplara öndürmegi giňeltmek öz ýurdumyzyň önümlerine bolan isleglerini ýokarlandyrmagyň kepillendirmesidir. Dünýä standartyna gabat gelýän ýokary derejeli tehnologiýa enjamlary işletmek we ýokary hilli önüm öndürmek üçin hünärmen işgärlerini taýýarlamak, täze dörediljek hojalygy dolandyrmagyň ýokary we orta hünärli işleri taýýarlamak boýunça merkezde ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Bu maksatnamanyň ýerine ýetirilmegi biziň Garaşsyz Bitarap döwletimiziň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, ilatyň azyk önümleriniň esasy görnüşlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Meret Haşyrow, TOHU-nyň talyby.

 

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Moskwa geldi

 

Ýene-de okaň

Baş wezipämiz – ynsan saglygy

18-nji fewral – Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni

Türkmenistan – energetika döwleti

Nebitgaz toplumy – oňyn görkezijiler

Mekdebe çenli bilim edaralarynda ene-atalar bilen geçirilýän çäreleri guramagyň pedagogik esaslary

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti