Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmegiň we pudagyň bar bolan mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegiň netijesinde, obasenagat toplumynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylýandygyny bellemeli.
Topragyň hilini gowulandyrmak, ekerançylykdan alynýan hasyly artdyrmak, tohumçylygy kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň bu pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak pudagyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmenistanda obasenagat toplumyna döwlet tarapyndan goldaw bermegiň bitewi ulgamynyň döredilendigini bellemek gerek. Düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyna, oba hojalygynyň we oňa hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, şol sanda gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünleriň önümçiligi boýunça zawodlaryň gurulmagyna maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi onuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ýurdumyzda obasenagat toplumyny ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalar we enjamlar, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň däne we pagta ýygýan kombaýnlary bilen üpjün etmek işinde-de oňyn tejribe toplandy. Türkmenabatda fosfor dökünleriniň önümçiligi boýunça himiýa kärhanasynyň, “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid” zawodlarynyň, “Maryazot” we “Garabogazsulfat” (Garabogazkarbamid), Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň gurulmagy bilen, oba hojalygyny ýokary hilli mineral dökünler we himiýa serişdeleri bilen üpjün etmek üçin ygtybarly binýat döredildi.
Häzirki döwürde oba hojalygyny tehniki hem tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipeleri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy esasynda, täzeçil usulda ýerine ýetirilýär. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde özgertmeleriň täze tapgyry amala aşyrylýar. Şunda sebitleriň ilatynyň durmuş derejesiniň düýpli özgerdilmegine gönükdirilen anyk işlere aýratyn orun berilýär.
Oba hojalyk önümçiligini köpugurly ösdürmek maksady bilen, zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, miweçilik, üzümçilik, bakjaçylyk, ary balynyň önümçiligi we beýleki ugurlar işjeň ösdürilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän şalyçylyk, Mary, Balkan welaýatlarynda bolsa gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek işleri netijeli alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, ýüpekçilik türkmen halkynyň gadymy hünärleriniň biri bolup durýar. Köp asyrlaryň dowamynda ýüpekçilik işiniň möhüm ýörelgeleri nesilden-nesle geçirilip, ýüpekden ajaýyp matalary we halylary taýýarlamagyň usullary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Häzirki döwürde sebitlerde tut ekilýän meýdanlar yzygiderli giňeldilýär. Tut nahallary ekerançylyk meýdanlarynyň gyralaryna ekilýär. Bu bolsa ekinleri tomsuň epgeginden goraýar. Suw akabalarynyň kenarlaryna baglaryň ekilmegi kenary berkitmek bilen, amatly ekologik gurşawy hem emele getirýär. Ýerlerde ýüpekçilik pudagynyň pagtaçylyk we däneçilik bilen birlikde alnyp barylýandygyny bellemek gerek.
Gülaýym Saparmyradowa, TOHU-nyň 3-nji ýyl talyby.