TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Oba hojalygy üçin täze tehnikalar we tehnologiýalar

Türkmenistanyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, dürli oba hojalyk tehnıkalaryny satyn almak ugrunda giň tagallalar edilýär.

Türkmenistan oba hojalyk tehnikalaryny satyn almakda «John Deere» (ABŞ) we «CLAAS» (GFR) ýaly dünýä belli kompaniýalary bilen köp ýyllar bäri hyzmatdaşlyk edýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde agzalan kompaniýalaryň okuw merkezleri açyldy, olar talyplara ýokary derejeli bilim bermek we ýokary öndürijilikli tehnikany dolandyrmak başarnyklaryny öwretmek üçin oba hojalyk önümçiliginde ulanylýan häzirki zaman usullary barada giňişleýin bilim berýärler.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda daşary ýurtly hünärmenler bu ýokary okuw jaýynyň oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplaryna iň täze tehnologiýalary öwredýärler. Sanly telematika ulgamyny, ýurdumyzyň oba hojalygynda ulanylýan tehnikalaryň gurluşyny we işleýşini, olara tehniki hyzmatyň hem-de tehnikalary ulanmagyň aýratynlyklaryna aýratyn üns berilýär. Merkezde geçirilýän okuwlar milli ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagy üçin kärine ussat hünärmenelri taýýarlamagyň aýrylmaz bölegidir.

Ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Claas» kompaniýasynyň traktorlary, galla we pagta ýygyjy kombaýnlary, beýleki oba hojalyk tehnilkalary giňden ulanylýar. S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň ýanyndaky okuw merkezinde kompaniýanyň öndürýän tehnikalarynyň tehniki enjamlaryny, olara hyzmaty we tehnikalary ulanmagy jikme-jik öwrenýärler.

Bulardan başga-da, ýurdumyzda oba senagat toplumynda telekeçiligiň ornuny artdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen “John Deere Walldorf GmbH & Сo.KG» kompaniýasy arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky strategik ylalaşyga laýyklykda, fiziki taraplar üçin oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak göz öňünde tutuldy.

Ýeňillikli şertlerde oba hojalyk tehnikalaryň satyn alynmagy oba hojalygy bilen meşgullanýan hususy taraplaryň tehniki mümkinçiliklerini gowulandyrmaga şertler döredýär.

Bu pudaga kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ekiş döwründe «akylly» (smart) traktorlaryň GPS ulgamynyň üsti bilen bu işleri gije-gündiz diýmän ýerine ýetirmek mümkinçiligini döredýär. Ekiş döwründen soň, suw tutmak döwri başlanýar. Topragyň aşagynda ýerleşdirilýän «akylly» sensorlar gerek bolan suwy kesgitleýär we bu işi awtomatik görnüşde ýerine ýetirýär. Soňra zyýanly mör-möjeklerden ekinleri goramak üçin ornaşdyrylan sanly ulgam, ýagny topraga ýerleşdirilen «akylly» sensorlar olaryň öňüni almakda gerekli işleri ýerine ýetirýär. Hasyl ýygnalýan döwürde hem ornaşdyrylan sanly tehnologiýalar ony awtomatik görnüşde ýygnap berýär.

«Akylly» kameraly dronlaryň kömegi bilen oba hojalyk pudagynda ekinleriň ýa-da mal sürüleriniň üstünden olary surata alyp, ýörite niýetlenilen sensorlar bilen ekinleriň ýa-da ownuk we iri şahly mallaryň saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlary alyp bolýar. Hatda bu «akylly» sensorlary öýjükli telefonlarymyza birikdirip, maglumatlary yzygiderli alyp bilmek mümkinçiligimiz hem bar. Ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar ekinleriň suwlama, howalandyrma, dermanlama, hatda hasyl wagtyny awtomatik görnüşde bize görkezip bilýär. Mahlasy, bu tehnologiýalar adamlara oba hojalygyndaky işleri ýalňyşsyz ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Ekerançylyga döredijilikli çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu çemeleşmelere meýdanlaryň elektron kartasy, takyk meteomaglumatlar, sensorlar we duýduryjylar, kosmomonitoring we beýleki çözgütler degişli edilip, olar oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýitgilerini azyndan 25 göterime çenli azaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de önüm öndürijileriň zerur bolan maglumatlar bilen wagtynda üpjün edilmegi alyş-satyş bilen bagly harajatlaryň peselmegine, önümleri meýdandan sarp edijä ýetirmekleri ýönekeýleşdirmäge we hünär derejeli işçi güýjüne bolan zerurlygy üpjün etmäge ýardam berýär.

Orazmyrat Berdiniýazow, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ Amaly mehanika kafedrasynyñ mugallymy.
Oraz Şyhyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

 

 

Suw – bütin adamzadyň umumy gymmatlygy

Ýene-de okaň

Bilim – röwşen geljegimiziň gözbaşy

Täsin geografiýaly toprak

Üstünligi ýola goýmak derejesi

Teswirle