Oba hojalygy üçin enjamlary satyn almak bäsleşigi

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi üpjün edijileri saýlamak boýunça öň yglan edilen halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Lot №1 — Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy üçin halkara ülňülere laýyk gelýän ýörite awtoulaglary getirmek;

Lot №2 — Halkara ülňülere laýyk gelýän weterinar derman serişdelerini getirmek;

Lot №3 — Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy üçin halkara ülňülere laýyk gelýän weterinariýa barlaghana enjamlaryny getirmek;

Lot №4 — Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy üçin halkara ülňülere laýyk gelýän anyklaýyş serişdelerini we himiki reagentleri getirmek;

Lot №5 — Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugy üçin halkara ülňülere laýyk gelýän ýörite awtoulaglary getirmek;

Lot №6 — Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugy üçin halkara ülňülere laýyk gelýän barlaghana enjamlaryny we ölçeg gurallaryny getirmek;

Okap bilersiňiz  «Türkmenhowaýollary» agentligi bäsleşik yglan edýär

Lot №7 — Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugy üçin halkara ülňülere laýyk gelýän anyklaýyş serişdelerini we himiki reagentleri getirmek.

Gyzyklanýan taraplar gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we aragatnaşyk telefonlaryny görkezýän maglumatlar bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Bäsleşik resminamalarynyň bukjalary, möhür bilen tassyklanan doly bäsleşik teklibi bilen bir möhürlenen bukjada kabul ediler. Bäsleşik teklipli bukja bäsleşik resminamalarynyň bukjasynda görkezilen sanawa laýyklykda düzülmelidir.

Bäsleşik resminamalarynyň bukjasynda sowalnamanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri («Word» görnüşinde) hem-de tehniki we ykdysady spesifikasiýa («Excel» görnüşinde) bolmaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutmalar Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 92-nji jaýynda sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar şu habar çap edilenden soň, 15 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Giňişleýin maglumat almak üçin şu belgilere jaň edip bilersiňiz: 44-77-47; 44-78-30; 94-12-04.

Elektron salgysy: minagri@online.tm

 

Guwanç Meläýew: Kesbimden kemal tapanym