Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny düýpli özgertmek ugrunda giň tagallalar edýär. Golaýda geçirilen döwlet Maslahatynda hormatly Prezidentimiz eden çykyşynda: ”
Ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly obasenagat toplumyny ösdürmekde we azyk bolçulygyny üpjün etmekde guwandyryjy netijeler gazanyldy. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerimizde täze obadyr şäherçeler, döwrebap maldarçylyk toplumlary we elewatorlar, ýyladyşhana hojalyklary, azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, iri sowadyjy ammarlar, suw arassalaýjy desgalar guruldy.
Oba hojalyk pudagyny dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary, däne hem-de pagta ýygýan kombaýnlar bilen üpjün etmekde oňyn tejribe toplandy. Türkmenabat şäherinde fosfor dökünlerini öndürýän himiýa zawody, «Tejenkarbamid» we «Marykarbamid» zawodlary, «Maryazot», «Garabogazsulfat» önümçilik birleşikleri, «Garabogazkarbamid» zawody, Garlyk kaliý-dag magdan toplumy gurlup, oba hojalyk toplumyny ýokary hilli mineral dökünler we himiýa önümleri bilen üpjün etmegiň berk binýady döredildi. Däneçiligi, pagtaçylygy, gök ekerançylygy, miweçiligi, maldarçylygy, guşçulygy ösdürmekde hususyýetçiligiň orny pugtalandyryldy. Ak bugdaýyň mekany bolan berkarar döwletimizde şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz Watana 1 million 500 müň tonna golaý bugdaý tabşyrdylar. Bu ajaýyp netije ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň Garaşsyz Watanymyzyň şanly baýramyna mynasyp sowgadydyr.” diýip bellemek bilen pudagyň döwrebap derejede ösdürilmegi ugrunda döwlet tarapyndan edilýän goldawlaryň netijesinde oba hojalyk pudagynda oňat görkezijileriň gaznaylýandygyny mälim etdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda oba hojalygynda ak altynly atyzlarda zähmet gaýnap joşýar. Oba zähmetkeşleri Garaşsyzlyk baýramymyza uly sowgatly gelýärler. Hormatly Prezidentimiziň pagta ýygymyna girişmäge ak pata bermeginden ruhlanan pagtaçylar häzir bereketli meýdanlarda «ak altyny» isripsiz ýygnap almak işlerini ýokary guramaçylykly ýagdaýda, gyzgalaňly alyp barýarlar. Ähli üns-alada gymmatly ekin bolan pagtany gysga möhletlerde ýygnap almaga gönükdirilýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde «ak altynyň» gadyr-gymmaty has-da artdy. Munuň özi döwletimiz tarapyndan daýhanlara döredilip berilýän şertler, giň mümkinçilikler, pagtaçylyga berilýän aýratyn üns bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda gazanylýan ähli üstünlikler, şonuň bilen bir hatarda, pagtaçylygyň barha rowaçlanmagy hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize eçilen datly miweleridir.
Türkmen daýhanlary üçin döredilýän mümkinçilikleriň uludygyny hem bellemek gerek. Önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, daýhanlaryň salgytlardan boşadylmagy, olara tehniki hyzmatlary, tohumlary, mineral dökünleri, ösümlikleriň gorag serişdelerini almak üçin ýeňillikli şertleriň döredilmegi, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maliýe-ykdysady taýdan höweslendirilmegi olaryň öz zähmetiniň netijelerine gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.
Kamila Rustamowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.