TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Nýukasl” güýçli futbolçylary satyn almakçy

Saud Arabystan Patyşalygynyň mirasdüşer şazadasy Muhammad ben Salman ben Abdel Aziz Al Saud tarapyndan satyn alynmagy göz öňünde tutulýan Angliýanyň “Nýukals Ýunaýted” topary ýyldyz futbolçylary satyn almagy meýilleşdirýär.  Mirasdüşer şazadanyň bu topary 300 million sterlinge satyn aljakdygy aýdylýar.

Saud şazadasynyň hemaýatkärliginde bu toparyň birnäçe güýçli futbolçylary öz hataryna goşjakdygy bellenilip geçilýär. Şol futbolçylaryň hatarynda Gereýt Beýl, Edison Kawani we Arturo Widal bar.

“Barselona” topary bilen 1 ýyllyk şertnamasy galan Widal üçin “Inter” topary bilen bäsleşige girdi. “Barselona” topary özüniň çilili futbolçysy üçin 20 million ýewro talap edip biljekdigi aýdylýar.

“Nýukasl” toparynyň gyzyklanýan ýene-de bir futbolçysy “Real Madrid” toparynyň oýunçyjy Gereýt Beýldir. Onuň hem toparyndan gitjekdigi aýdylýar.

Şeýle hem iňlis toparynyň hataryna goşmak isleýän futbolçylarynyň biri hem Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň urugwaýly hüjümçisi Edison Kawanidir. Onuň şu möwsümde topary bilen şertnamasy tamamlanýar.

TÄLIMÇILIK ÜÇIN 2 DALAŞGÄR

Toparyň tälimçisiniň hem täzelenjekdigi bellenilip geçilýär. Bu babatda 2 dalaşgär görkezilýär. Olar Maurisio Poçentino we Massimiliano Allegridir.

Ýene-de okaň

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Teswirle