JEMGYÝET

Nursultan Nazarbaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti – Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň milli Liderini golaýda bellenilip geçilen 80 ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat we Gazagystanyň halkynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidentini parasatly syýasatçy hökmünde oňat tanaýarlar we oňa uly hormat sarpa goýýarlar. Ol ömrüni doganlyk ýurduň ösüşine hem-de onuň halkara giňişliginde abraýynyň has-da artmagyna bagyşlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň Merkezi Aziýada iň ýakyn goňşular bilen dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly şahsy goşandyny nygtady.

Öz nobatynda, Türkmenistan sebitiň döwletleri bilen giň hyzmatdaşlyk etmäge çalşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ähli ugurlar boýunça deňhukukly, özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Ýelbasy Nursultan Nazarbaýew gutlaglar we mähirli sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryna mahsus bolan hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýan özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýokary derejesini belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şol hyzmatdaşlyk bolsa hoşniýetli goňşuçylyk hem-de birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine daýanyp, häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň keselden gutulandygyna örän şatdyklaryny belledi. Ol synmaz erkiň we ruhubelentligiň netijesinde keseli ýeňip geçmegi hem-de Gazagystanyň abadançylygynyň bähbidine döredijilikli işe gaýdyp gelmegi başardy.

Söhbetdeşler şeýle hem koronawirusyň pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýä meselesine hem-de ony ýeňip geçmek üçin halkara tagallalary birleşdirmegiň ýollaryna üns berdiler.

Ylmy diplomatiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmek, şol sanda koronawirusyň gelip çykyşyny, onuň döremeginiň sebäplerini we şertlerini kesgitlemek ulgamynda alymlaryň özara gatnaşyklary şeýle ýollaryň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Mälim bolşy ýaly, adam üçin howply bolan maddalar, şol sanda wiruslar howa akymlary arkaly, aýratyn hem çylşyrymly ekologiýa ýagdaýynda geçip biler. Merkezi Aziýa ekologiýa nukdaýnazaryndan dünýäniň has duýgur sebitleriniň biri bolup durýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri Aral deňziniň meselesi bilen baglanyşyklydyr.

Aral zolagynda döreýän hem-de giň geografik giňişlige ýaýraýan howa akymlary tebigata we howa ýaramaz täsir edýär hem-de diňe bir şu sebitde däl, eýsem, onuň çäginden daşarda ýaşaýan adamlaryň saglygy üçin hem aýratyn howpludyr.

Türkmenistan Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek ugrunda çykyş edip, bu başlangyjy ösdürmek üçin anyk ädimleri ädýär.

Siziň 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Awazada Araly goramagyň halkara gaznasynyň sammitinde Türkmenistanyň Aral deňziniň meselelerini BMG-niň derejesinde toplumlaýyn çözmek baradaky başlangyjyny goldap çykyş eden günüňiz aýratyn ýatda galyjydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

– Siziň bu garaýşy esaslandyryp aýdan sözleriňiz meniň şu günki ýaly ýadymda. Şonda Siz «Adamlaryň bir nesliniň durmuşynyň dowamynda Ýer ýüzünden tutuş deňiz ýok bolup gitdi» diýip belläpdiňiz diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ekologik betbagtçylygyň zyýanyny aradan aýyrmak maksady bilen ylalaşykly hereketleriň zerurdygyny aýdyp, ýakyn wagtda Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň lukman alymlarynyň, ekologlarynyň we beýleki hünärmenleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny nygtady.

Şeýle hünär babatdaky hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa taýdan abadançylygy üpjün etmek, bu ýerde ýaşaýan adamlaryň saglygyny goramak, ählumumy pandemiýa garşy göreşmek işine saldamly goşant bolar diýip, milli Liderimiz belledi.

Biz däp bolan, umumy bähbitlere laýyk gelýän türkmen-gazak syýasy we ykdysady gatnaşyklara gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalaryň durmuşa geçiriljekdigine ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de goňşy ýurduň milli Liderini ýaş toýy bilen ýene bir gezek gutlady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti – Ýelbasy Nursultan Nazarbaýew birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak işine ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

ITTC-2024: ulag we logistika pudagynda global hyzmatdaşlyk üçin möhüm meýdança

Abu-Dabide Türkmenistanyň söwda we maýa goýum mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Türkmenistan raýatsyzlygyň soňuna çykmakda öňdebaryjy ýurt

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň kömekçisi bilen duşuşyk geçirildi