TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Nurma…

Wagt

Wagt-bu dünýäde iň gymmat serişdedir! Käbir adamlar bu serişdäni gynansak-da ulanmagyň ýoluny bilmeýärler. Olar “Aý, wagtdan kän zat ýok”, “men ony ertirem edip bilýänä”, “Maňa öwretmäň, men öz wagtymy nämä sarp edýänimi özüm gowy bilýän” we ş.m diýip pikir edýärler. Birdenem… Tarp! Olar hakyky durmuş bilen ýüzbe-ýüz duranlarynda olar ejizlemek bilen bolýarlar. “Men wagtynda okan bolsam, men plan eden bolsaň ýa-da men näme üçin, ýaltanman plan eden bolsa…” diýen sözler örän giç bolýar we olary gynandyrýar. Ýetginjekler, geçen sekundy yzyna dolap bolmajakdygyna göz ýetirmäge garamazdan, öz wagtlaryny internede, öz dostlary bilen boş gürrüňlere, kompýuter oýunlaryna, zyýanly endiklere sarp edýärler. We ýene-de bir zat… Wagt iň ajaýyp sowgatdyr ony kimlere sowgat edýäniňizi gowuja pikirleniň!

Şu wagtam giç däl!

Adamlaryň 100%-den 70%-i bir zada gynanýarlar… “Wagtynda okaýmaly ekenim”bu sözler olaryň kellelerinde yzygiderli aýlanyp durýar. Mende size täzelik bar… ŞU WAGTAM GIÇ DÄL! Meselem aýdaly, siz 25 ýaşyňyzda we siz hiç hili daşary ýurt dillerini, ylymlary bileňizok. Ýöne siz üstünlikli, meşhur galyberse-de baý adam bolasyňyz gelýär. Siz wagtynda okamadyňyz, öwrenmediňiz we gynanýaňyz, we “Men indi hiç zat edip bilmerin”  diýen karara gelip, şu wagtky durmuşyňyzy dowan edýärsiňiz. Näme etmeli? Eger ýadyňyzdan çykarmadyk bolsaňyz, sizde BEÝNI diýen zat bar! Siziň beýniňiz täze ideýalary oýlap tapjak bolýar, we siz şu pursat “Men muny edip bilmerin diýseňiz” siziň beýniňiz “Saňa gerek däl bolsa, maňa-da gerek däl!” diýýär we täze ideýalar sizde peýda bolmaýar! Kitap ýaz! Sportsmen bol! Aýdym ýaz! Eger-de sen daşary ýurt dillerini, ýa-da ylymlary bilmeýän bolsaňyz… Üstünlikli bolasyňyz gelýän bolsa edere zat köp! Esasy zat ýaltanma we geljegiň üçin SÖWEŞ!!!

Bu seniň durmuşyň…

Sen haçanda bolsa özüňe “Men kim? meniň  bu dünýä gelmegimiň maksady näme?” diýen soraglary berip gördüňmi? Ýok! Sen bu durmuşda näme üçin ýaşap ýöreniňi bilmäge wagt boldy! Durmuş seniň pikir edişiň ýaly, älemgoşarly, güneşlije ýer däl! Ol örän howply we kyn ýerdir. Çalaja ejizlik görkezseň durmuş seni basar! We ýene bir, esasy zat seniň urguň däldir, esasy sen  urgyny nähili kabul edişiň,   nähili öňe gidişiňdedir. Käbirlerimiz bize berilen durmuşy nädogry ulanýarlar, olar kitap okap öz gelejegini gurmagyň, owadan ýaşamagyň deregine ÝATANLARYNY, internet torlarda oturanlaryny gowy görýärler. Mähribanlarym…. GELEJEGIŇIZE NEBSIŇIZ AGYRSYN!!! Bu seniň durmuşyň, saňa başarmarsyň diýýänleri diňleme, olaryň beýle pikir etýändikleriniň sebäbi özleri entek seniň  etjek zadyň görmediler! Başladyňmy? Soňuna çenli git, ýa-da düýbünden başlama!

Arzuw

Haçana çenli arzuw etjek? Dur! Bes et! Arzuwlary maksada, maksatlaram netijä öwürmäge başla! Bu durmuşda seniň ýetip bilmejek sepgitleriň ýokdur! Arzuwlar arzuw bolup galar eger-de sen olary hakykata öwürmeseň. Uly zatlary arzuw et, kiçi arzuwlary edenler etsin. Uly zat arzuw etseň uly depginlere ýetersiň, kiçi zat barada asla pikir etmede! Bir formulany ýatdan çykarma: Arzuw + Maksat =Netije. Bu seniň durmuşyň, oňa senden başga hiç kim jogap berip bilmez!

Kümüş-e derek brilliant!

Bir oglan Flex ýaryşyna gatnaşýar, 1-nji tapgyryndan geçýär, 2-nji tapgyryna gatnaşyp geçip bilmeýär. Ol 1-2 gün gynanyp gezýär. Bir gün ol özüne “Flex-dana geçmek eken gerek bolsa şol kompaniýany satyn   alaryn” diýýär. Ol öz üstünde gije-gündiz işleýär. Öňküdenem has-da beter okaýar. Birnäçe ýyllardan soň ol Flex-i öz eline almak barada şertnama gol çekýär!!!   (Nurma…)

Şu aşakdaky görkezilen 5 sanly zatlary edip bilseňiz SIZ KAROL!!!

Jedelde utasyňyz gelýärmi? Her bir adam jedel edýär, we onda hökman bir adam utulýar we kemsinmek bilen bolýar… Siz jedelde utasyňyz gelýärmi? Onuň diňe bir ýoly bar… JEDEL ETMEZLIK! Eger-de siz her bir jedelden ýüz döndürip bilseňiz, SIZ KAROL!

Şowsuzlyk bu tejribe! Her bir adamyň etjek diýen zatlary, her gezek şowly bolmaýar. Olar öz öňünde goýan maksatlaryna ýetmeýän pursatlary köp bolýar, we olar öňe gitmegiň deregine yza çekilýärler… Şowsuzlyk sizi öz üstüňizde, öňküdenem has gowy işlemegiňize mejbur eder. Her bir şowsuzlygy tejribe hasap edip bilseňiz SIZ KAROL!

Bu ýagdaý siziň hemmäňizde bolup gördi, Siz özüňizi örän şatlykly duýýaňyz, we başgalar bilen oýun edesiňiz gelýär. Ýöne oýun etjek bolýan adamyňyzyň, siziňki ýaly keýpi kökdügini nädip bilýäňiz? Siz onuň üstünden gülýäňiz, oýun edýäňiz… Ol bolsa size gygyrýar we ikiňizem şol wagtda biri biriňizden gaty görýäňiz… Näme üçin beýle boldy? Sebäbi siz öz duýgularyňyzy (эмоция) kontrol etmediňi, we duýgularyňyz sizi kontrol edip başlady… Eger-de siz islendik pursatda duýgularyňyzy kontrol edip bilseňiz SIZ KAROL!

Siziň etýän hereketleriňiz käbirlerine ýakmaýar, Meselem siz biriniň ýuwup ýören polunyň üstünden ýöräp geçýäňiz. Olam size “gyradan ýöräý” diýip gygyrýar. Ýöne siz ony diňlemeýäňiz. Diňe özüňizi oýlamaň, eger-de özüňizi başgalaryň ornuna goýup bilseňiz, SIZ KAROL! (Diňe bir bu ýagdaý-da däl, islendik ýerde özüňizi başgalaryň ornuna goýup bilseňiz, SIZ HEMME ÝERDE KAROL)

-Eliňe daş al we kijiräk balotaň içine zyňyp gör. Näme boldy?

– Üstüme ylaý syçrady!

-Ýene-de bir daş alda, deňiz zyňyp gör… Näme boldy?

– Hiç zat bolmady!

Adamlara edil şolar ýaly! Giň deňize kiçijek daş hiç hili täsirini ýetirip bilmez! Eger-de sizem deňiz ýaly giň bolmagy başarsaňyz SIZ KAROL!

Özüňi sagdyn hasap et we hemme zat ajaýyp bolar!  (sagalmagyň jadyly ýoly)

«Aý wagtyň geçmegi bilen gowulaşaryn, aý kelle agyrydyrla… we ş.m» sözler tanyşmy? Käbir adamlar kiçijek kesellere üns bermeýärler we öz işleri bilen meşgul bolýarlar. Nämemişin, olaryň işleri has möhümmişin. Wagtyň geçmegi bilen agyry özüne üns berilmeýänligi sebäpli «saňa haýsysy has möhüm menmi ýa-da seniň işleň» diýýär we agyry has-da güýçlenýär. Şol pursat siziň ýadyňyza iş, okamaly möhüm zatlaryň, imo düşmeýär. Uly kesellerem kiçijek agyrydan başlaýandyr. Olara üns bermän gezmek ýalňyşdyr. Nähili kesel ýüze çykanyna garamazdan siz özüňizi şol keselden azat edip bilýärsiňiz… Nädip? Beý nimiziň, pikirlerimiziň kömegi bilen! Biz «men örän sagdyn we men oňa diýseň minnetdar» diýip pikir etsek bolany…Gülkünçmi? Bu pikiriň kömegi bilen, ýarawsyz adam ýöremegi, rak keseli bolan adam, bagryndaky ragy bu jadyly ýol bilen ýok etmegi başardy.

Biznes…

Siziň her bir diýýän sözleriňiz her bir pikirleriňiz HAKYKATA ÖWRÜLÝÄR

Haçanda size pul tölänlerinde siz özüňizi işgär hökmünde görýäňiz. Haçanda siz aýlygyňyzy alsaňyz siziň beýniňiz öçýär we aldanýar, BU KIÇIRÄK DUZAK… Finans ýagdaýy pes adamlar mydama biziň aramyzda bolar, sebäbi hemme zat pikirden başlanýar. Olar özlerine “Men mundan artyk baýap bilmerin” diýýärler we olaryň sözleri hakykata öwrülýär. Ýa-da “Aý meňüçin pul o diýen möhümem däl” diýýänler hem bolýar. Ýadyňyzdan çykarmaň…EGER SIZE PUL GEREK DÄL BOLSA, PULA-DA SIZ GEREK DÄL !!! Finans ýagdaýy pes adam “men muny satyn alyp bilmerin ýa-da edinip bilmerin diýýär” finans ýagdaýy beýik adam bolsa şu wagtky depginine “men muny nädip satyn alyp bilerin ýada nädip edinip bilerin” diýen pikirlerde ýetendir. Siz özüňize dünýäň ýüzündäki baýlaryň biri diýip hasap ediň, her günki iýýän naharyňyz 10000$ diýip pikir ediň, “Žigulide” işe gatnaýan bolsaňyz onňa “Audi R8” diýip pikir ediň we kiçijek zatlara begenmegi başaryň şonda siz durmuşyňyzyň nähili depginde üýtgejekdigine özüňiz göz ýetirersiňiz!!!

Üstünlik. 1-nji ýoly siziň pikirleriňizden başlanýar. Siz näme barada pikir etseňiz şony hem alarsyňyz. Täze ideýa hemme zatlaryň başy. Üstünlikli boljakmy? Ideýalaryňy kagyz ýüzüne geçir we ol depginlere nädip ýetjekdigiň yzygiderliligini düz…

Käbir adamlar finans ýagdaýlary pes adamlar pul berýärler. Bu düýbinde ýalňyş! “O Nädip ýalňyş?” Meselem adama bir balyk ber, ol ýene-de 1 sagatdan aç we ol iki balyk balyk islär… Gowusy olara balyk tutmagy öwrediň…

Üstünlikli adam diňe öňe sereder. Elbetde olaryň arasynda “rock bottom”-a düşýänleri hem bolýar. Ýöne olar ýene-de öňe okdurylýarlar. 1 zat bolmadymy 100 zat! (Türkmen aga aýdypdyra “Ölseňem öňe ýykylyp öl, yza ýol ýokdur!”)

Hemmämiz hem ajaýyp durmuşda ýaşasymyz gelýär… Kimiň plýažlarda dynç alasy, ýurtlara aýlanasy, limuzinde oturasy, gymmat-gymmat naharlary iýip göresi gelmeýär?! Siz bu zatlaryň hemmesini başdan geçirmäge mynasyp!

StarBoy!

Mary iliniň Murgap etrabynda Meýlis atly bir oglan ýaşapdyr. Onuň kakasy işewür, ejesi bolsa hiç ýerde işlemeýär eken we onuň 1 aýal dogany bolupdyr. Meýlis 1-nji synpy oba mekdebinde başlapdyr ýöne onuň kakasyna bu ýaramandyr. “Eger-de Meýlis ulalsa ol hem beýlekiler ýaly bolar” diýip pikir edipdir. 1 aý oba mekdebinde okandan soň kakasy ony etrap mekdebe geçiripdir we obadan gatmak agyr düşer diýip ony Murgap etrabynda ýaşaýan kiçiräk maşgala beripdir. Meýlis ol ýere tiz öwrenşipdir. Bu maşgalada Maýa daýza atly ene we Mähri atly gyzy ýaşaýan eken. Mähri onuň hemme ýumuşlaryna taýýarlapdyr, ony okadypdyr  we rus dilini öwredipdir.Ol öýüne hepdede 1 gezek gidipdir we onuň ejesi her hepdäniň 1-nji güni oňa iýer-içer getiripdir. Kakasy öz ogluny durmuşa taýýarlap başlapdyr, bir gün sport mekdebine, bir gün iňlis-dili kursuna, bir gün saz mekdebe ugradypdyr we günler şeýle tiz geçipdir. Meýlisi bu zatlar gynandyrypdyr, beýleki çagalar oýnap ýörkä ol okap öwrenipdir. Kakasyna “şu zatlar näme üçin gerek? menem beýleki çagalar ýaly oýnamaga gidesim gelýär” diýipdir we kakasy şol pursat “Sen beýlekiler ýaly däl oglum, sen azajyk sabyr et wagtyň geçmegi bilen şol çagalaryň özi saňa meňzäsi geler” diýip jogap berdi…   5-nji synpdan soň ol Mary şäherinde 7-8 -nji synplary tamamlapdyr. Soňra indiki ädimi Balkan welaýatynda ýerleşýän Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine bolupdyr. Beýleki oglanlar öz öýlerini taşlap ýat ýere gelen ýaly duýupdyrlar, ýöne Meýlis bu duýgyny 8 ýyl mundan öň başdan geçiripdi. Ol öz üstünde köp işläpdir, okapdyr, öwrenipdir.Ol aýdym aýtmagy söýüpdir. We öz aýdymlaryny (amerikan) ýazyp başlapdyr. Onuň kakasynyň aýdan zatlary dogry bolup başlapdyr. Hemmeler onuň ukybyna geň galypdyrlar. Öz aýdymlaryny “You Tube” kanalynda bütin dünýä ýaýradypdyr. Wagtyň geçmegi bilen ony  “Young D12” topara çagyrylypdyr we Nýu-Ýork şäherinde onuň ilkinji 60 000 adamdan ybarat bolan konserti geçipdir…  Men başda “olar menden dynsalar bolýa ” diýip pikir edipdirin şu wagt bolsa men ökünemok, meni şu derejä olar ýetirdi…    (Nurma)

 Täze durmuşa başlaýarys!

Eger-de siz şu wagt, öz, uzak wagtlap arzuw eden durmuşyňyzda ýaşap bilmeýän bolsaňyz, hemme   günä özüňizde! Siz oňa ýetmek üçin hiç zat etmediňiz.

Siz diňe arzuw etdiňiz we jadyly bir zat bolaryna garaşdyňyz. Siz ýalňyşlyk goýbermäge gorkdyňyz we şol gorky siziň her bir ýetjek maksatlaryňyzy eliňizden aldy! Eger siz durmuşyňyzy öz eliňize 15 ýyl mundan ozal, 10 ýyl mundan ozal, 5 ýyl mundan ozal ýa-da hatda 6 aý mundan ozal alan bolsaňyz bu zatlar bolmazdy! Ýöne mende size ýene bir täzeligim bar! ÖZ DURMUŞYŇYZY ELE  ALYP ONY TÄZEDEN BAŞLAMAK ÜÇIN SIZIŇ WAGTYŇYZ BAR!

We bu gezek geçenkiler ýaly howlukmaň. Wagtyňyzy nämedir bir peýdaly zada sarp etjek boluň. Siziň ýene bir goýberip biläýjek ýalňyşlaryňyzyň biri hem SABYRSYZLYK.Ol ýalňyşlygy hemmeler goýberýär, siz iki ýyldan soň

2 million dollar alasyňyz gelenok siz her gün 100 dollar alasyňyz gelýär we siziň beýniňiz ýene-de sizi aldaýar. Şu gün agşamdan başlap öz geçmişiňizi unudyň, we ertir irden oýanaňyzda siz mümkinçilikleriň okeanynda ýüzersiňiz!!!!!

Siziň durmuşyňyzda bolup biläýjek zatlaryň iň gowusyna garaşyň… SIZ NETIJÄNI GÖRÜP GEŇ GALARSYŇYZ! Täze gün, täze mümkinçilik,täze durmuş, täze SEN!

Marshal Mathers…

Kimler üçin ol Eminem, kimler üçin bolsa onuň durmuşy duranja bir rowaýat. Özüni bütin dünýä Eminem ýa-da Slim Shady lakamy bilen tanadan Marşal Ma-zers öz karýerasyny 0-dan başlapdy. Ol mekdep döwürlerinden bäri aýdym aýtmagy gowy görüpdir. Onuň çagalygy gaty agyr geçýär. Onuň kakasy maşgalany Marşal dogulanyna ýaňy 2 aý bolanda taşlap gidýär. Oňa ejesi seredýär. Wagtyň geçmegi bilen Marşal ulalýa we Kim atly bir gyz bilen durmuş gurýar. 1995-nji ýylda onyň Heýli atly gyzy dünýä inýär. Nämeden bir sebäpden Kim, Marşaly we Heýlini taşlap gidýär. Marşala işläre hiç hili ýer bolmandyr. Ol Heýlini ejesi-ne tabşyrypdyr we 1 ýyllap Detroit-iň köçelerinde bolupdyr, we “Rap Battle”-lara köp gatnaşypdyr. Ony Dre atly bir reper Kaliforniýa çagyrypdyr we ol Heýlinem, Ejesinem goýup gidipdir. Kaliforniýa baranyndan soň Ol öz aýdymlary çykaryp başlaýar we Dre hem oňa uly kömek berýär, şeýdibem ol ÝYLDYZ bolýa! (Marşal Kaliforniýadan gelende, Heýli ony tanamaýar…)

Siziň durmuşyňyzy özgerdip biljek 3 kanun…

  1. Mümkinçiligi elden bermäň!

Meselem aýdalyň siz ýolbars we siz awa çykdyňyz. Siz birtopar keýikleriň siziň öňüňizden ylgap geçip barýanyny görýäňiz, ýöne hiç zat etmeýäňiz, siz diňe garaşýaňyz. “Aý indikini tutaryn, wah indidiki hökman tutaryn, ýeri bolýa-bolýa ýene-de azajyk garaşaýyn, ine şu gezegä tutýan” diýip pikirlenýän wagtyňyz aňyrdan bir ýolbars bir keýigiň üstüne topulýar we birini tutýar hemme keýikler gaçyp gidýär we ýaňky ýolbars öz agşamlygyny edinýär we size hiç  hili keýik galmaýar… Mümkinçilik barka garaşma, ONY TUT!

  1. Optimist bolmagy başar!

Durmuşda biziň etjek bolýan zatlarymyzyň hemmesi başa baranok.

Hemme zada gowy tarapdan serediň sebäbi siz erbet tarapyň nähilidigini bildiňiz. Oýun oýnaňyzda diňe utaryn diýip pikir ediň, gorksaňyz ýa-da utulmak barada pikir etseňiz utularsyňyz! We ýene-de

bir zat yzygiderliligi dörediň. Kitap okajak bolýaň we nirede goýanyňyzy bileňzok, daşary çyk, howa ýagynlymy, dostlaryňa git, ol öýünde ýokmy, başga bir zat et, olam bolanokmy ýene bir zat et…

Bir zat bolmady diýip eliňi üzme!

III.  Hemmeler bilen mylakatly bol!

Her bir adam oňa mylaýym çemeleşmeklerini halaýar. Ýöne gynansakda oňa hemmeler mylakatly çemeleşmeýärler, şonuň üçinem olaryň işleri başa barmaýar. Olar “Haýyş” sözüni köp ulanmaýarlar we onuň deregine, sözüň yzyna  “-sene” goşulmasyny köp ulanýarlar. Süýji söz we mylaýym äheň adamlaryň biri-biri bilen gatnaşyklaryndaky oýnaýar roly örän uludyr!

Paýhasly setirler…

  • Adamyň iň uly güýji ruhy güýçdir!
  • Eger saňa birini aldamak başartsa, onda ol adamyň samsyklygy däl, ol saňa, seň pikir edişiňdenem has beter ynananlygydyr…
  • Beýik adam, hemme zady şowly adam däldir… Beýik adam hemme
  • zady şowlylyga özi öwürýän adamdyr!
  • Biz ertir näme boljakdygyny bilemzok, biziň esasy etmeli zadymyz,
  • Özümi şu gün bagtly duýmaly!
  • Eger siz bir ýerini taşlap gidip barýan bolsaňyz we sizi hiç kim
  • yzyňa çagyrmaýan bolsa SIZ DOGRY ÝOLDAN BARÝAŇYZ!
  • Size kimdir biri, bir zat edip bilmersiň diýse, ruhdan düşmegiň geregi ýok,
  • olaryň beýle diýmegini sebäbi, olaryň özleri edip bilmediler…
  • Hemme hazynalar şawglagyň arkasynda ýerleşýär, oňa ýetmek üçin akymyň garşysyna ýüzmeli bolýar, akymyň garşysyna ýüzmek üçinem güýçli balyk bolmaly! Akmynyň ugruna öli balyklaram gidýär…
  • Bu dünýäde kimdir birine bil baglap güýçli ynanmagyň geregi ýok
  • Sebäbi öz kölegäň hem seni garaňkyda ýeke goýup gidýär…
  • Hiç haçan görüp adamlardan ar alyjy BOLMAŇ!!! Diňe üstünlikli boluň olar bu urga ÇYDAMAZLAR…
  • Öz ussatlygymyzy kompýuter we telefon oýunlarynda dälde “Durmuş” atly oýunda görkezeliň…

Nurgylyç NURMÄMMEDOW, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle