SPORT

Noýeriň rekordy

Germaniýanyň “Bawariýa” futbol toparynyň dünýä belli derwezebany Manuel Noýer, golsyz geçiren oýunlarynyň sany bilen meşhur derwezeçi Oliwer Kany geçip, “Bundesliga” çempionatynyň rekordyny täzelemegi başardy.  Indi Noýeriň hasabynda “Bundesliga” çempionatynda jemi 197 golsyz geçiren duşuşygy bar. “Bawariýa” futbol topary çempionatyň 18-nji tapgyrda myhmançylykda “Şalke-04” futbol topary bilen garşylaşdy. Duşuşykda myhmanlar 4:0 hasaby bilen ýeňiş gazanmagy başardylar. Şol duşuşykda hem Noýer çempionatyň rekordyny täzeledi. Oliwer Kan bolsa 1987-2008-nji ýyllar aralygynda Germaniýanyň “Bawariýa” we “Karlsrue” çykyş edipdir. Onuň hasabynda 196 golsyz geçiren duşuşygy bar. 2011-nji ýylda derwezeban Manuel Noýer “Şalke-04” toparyndan “Bawariýa” futbol toparyna transfer edilendigini ýatladýarys.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

“Baýer” topary ýeňilmän çempion boldy

Ronaldo Saud Arabystanyda galyp biler

“Ýuwentus” topary 15-nji gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Waran “Mançester Ýunaýted” toparyndan gidýär

“Mançester Siti” toparynyň çempionlygyna bir duşuşyk galdy

Dünýäniň iň gowy toparlarynyň sanawy düzüldi