TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Noýabr aýynyň soňky 10 günlügi: halkara medeni çäreler

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň noýabr aýynyň soňky 10 gününde ýurdumyzda geçiriljek halkara derejesindäki festiwallar, halkara maslahatlar we medeni çäreler barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, soňky 10 günlükde birnäçe halkara medeni çäreler göz öňünde tutuldy.

Gurnaljak medeni çäreler şeýle:

  • 28-30-njy noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly we maslahaty geçiriler.
  • 23-25-nji noýabrda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Medeniýet günleriniň çäklerinde Täjigistanyň häzirki zaman suratkeşleriniň, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, neşir önümleriniň, milli lybaslarynyň sergisiniň, şeýle hem birnäçe beýleki medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
  • 2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi” atly sanly ulgam arkaly halkara maslahaty geçiriler.

Ýene-de okaň

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

«Gyzyl kürte» filmi Gazagystanda görkeziler

Teswirle