TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Nowruz döwri

Nowruz – Gündogaryň iň gadymdan gelýän toý-baýramlarynyň biri hasaplanýar. Nowruz baýramçylygy her ýylyň Mart aýynyň 21-22-ne döwlet derejesinde bellenilip geçilýär. “Nowruz” pars sözi bolup, terjimesi “Täze gün”, “Täze ýyl” diýen manyny aňladýar.

Aý-gün, ýyldyz hasaby barada köp iş eden alym Gurbanmämmet Gurbandurdyýewiň bellemegine görä Nowruz döwri – Mart aýynyň 21-inden Aprel aýynyň 22-sine çenli dowam edýär. Bu döwürde orta hasap bilen Türkmenistanyň günorta böleginde giçki çigrek howalar sowulýar ygalyň mukdary çürt-kesik artýar. Üç aý aňzakly gyşdan soň, tebigat doly gülleýär, janly-jandar tüýüni täzeleýär. Guş-gumrularyň owazy tebigata has-da gözellik berýär.

Nowruzyň  gelmegi bilen tebigat janlanỳar. Tebigatyň janlanmagy, adamyň ruhy dünỳäsini galkyndyrỳar, adamlary jebisleşdirỳar.

Nowruz baýramyny Şabende “Geldi nowruz, jümleýi älem gülüstandyr bu gün” diýip taryplasa, söz ussadymyz Magtymguly Pyragy “Ýerde Nowruz hormaty” diýip ýazýar. Görşümiz ýaly, Nowruz döwründe hemme ýer gülüstanlyga öwrülip, ýaz ekişine başlanýar. Nowruz aslyýetinde ekerançylyk baýramçylygy bolup, biziň babadaýhanlarymyz “Ýylyň gelşi nowruzyndan belli” ýa-da bolmasa “Nowruzda hiç bolmanda geçiň şahyny ezse-de hasyla garaşyber” diýmek bilen ekişe girişipdirler. Ýyl turuwbaşdan ygally gelende, “Arpa altmyş günde, bugdaý togsan günde” diýen nakyla eýerip, dag eteklerinde ýazlyk düme ak ekinlerini ekipdirler.

Nowruz baýramçylygyndan soň gündizler uzalýar, ýer ýylylygy köp alyp başlaýar we babadaýhanlarymyz köpçülikleýin ýaz ekişine girişýärler.

 

Baýgeldi ÇARYÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň geografiýa

fakultetiniň IV ýyl talyby

Ýene-de okaň

Bıtaraplyk- bagtymyz

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle