TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Noly kim oýlap tapdyka?!

Hiç hi­li ba­ha­sy ýok hem bol­sa, ma­te­ma­ti­ka­ny nol­suz göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Islendik sany nola köpeltseň hem jogaby nol bolýar. Goşmakda we aýyr­mak­da bol­sa hiç hi­li tä­si­ri ýok. Beý­le­ki ylym­lar bi­len bir ha­tar­da ma­te­ma­ti­ka-da ýüz­ler­çe ýy­lyň do­wa­myn­da kä­mil­leş­di. Eýsem, bu san haçan peýda bolduka? Noluň ilkinji gezek Miladydan öňki 700-nji ýyllarda Mesopatamiýadaky medeniýetlerde astronomiýa ylmynda ulanylandygyny taryhy çeşmelerden hem görmek bolýar. “0” ýoklugy alamatlandyrýandygy üçin uly ähmiýete eýedir. II asyrda grekler ýoklugy alamatlandyrmak üçin içi boş şekili ulanylypdyr. Ýöne alym­lar hä­zir­ki wagt­da ula­nyl­ýan “0” ala­ma­ty­ny il­kin­ji bo­lup, hin­di­le­riň ula­nan­dy­gy­ny aýdýarlar. Gün­do­gar me­de­ni­ýe­tin­de bolsa no­ly il­kin­ji bo­lup Mu­ham­met ibn Mu­sa al-Ho­rez­mi­niň ula­nan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Meşhur ma­te­ma­tik arif­me­tik amal­lar­da “9” sa­ny bi­len bi­le­lik­de “0” sa­ny­ny hem ula­nyp­dyr. Ho­rez­mi­niň no­luň ula­ny­ly­şy bi­len bag­ly ýa­zan ki­tap­la­ry la­tyn­ diline ter­ji­me edi­lip, gün­ba­tar­ly alym­lar ta­ra­pyn­dan hem giňden peý­da­la­ny­lyp­dyr. Gün­ba­tar­ly alym­la­ryň no­ly has soň­ky asyr­lar­da ula­nyp baş­lan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Öň­ki dö­wür­ler­de Ýew­ro­pa­da Rim sifr­le­ri ula­ny­lyp­dyr. Rim sifr­le­rin­de bol­sa nol bol­man­dyr. No­luň ta­pyl­ma­gy bi­len on­luk ul­gam hem ýü­ze çyk­ýar. Adat­ça, san­lar po­lo­ži­tel we ot­ri­sa­tel gör­nü­şin­de ikä bö­lün­ýär. Nol ola­ryň iki­si­ne hem de­giş­li däl. Şol se­bäp­li nol di­ňe bir san hök­mün­de däl, baş­lan­gyç no­ka­dy hök­mün­de hem ula­nyl­ýar. Nol oý­la­nyp ta­pyl­maz­dan ozal ma­te­ma­ti­ki ha­sap­la­ma­la­r örän kyn bo­lup­dyr. Nol san­la­ryň ha­ta­ry­na go­şu­lan­dan soň­ra, on­luk ul­gam dö­re­di­lip­dir we ha­sap­la­ma­lar örän aň­sat bo­lup­dyr. No­luň ta­pyl­ma­gy ma­te­ma­ti­ka­da­ky iň esa­sy açyş­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar.

Atajan Hamraýew

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Birža täzelikleri: Gonkongyň telekeçileri nebit önümlerine isleg bildirdi

 

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle