TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Nokia XR20” telefony tanyşdyryldy

“Nokia” köpimiz üçin ajaýyp ýatlamalardan ybarat. Biziň pikirimizçe, öz wagtynda “Nokia 3310”, “Nokia 1100”, “Nokia E” telwfonlaryny öndüren “Nokia” şereketi häzirki wagtda öňki şereketiň kölegesi ýaly hem däl. Şonda-da “Nokia” şereketi, has dogrusy, “Nokia” şereketiniň telefon öndürişine jogap berýän “Fin HMD” firmasy telefon öndürmek işinden ýüz öwrenok. Aslynda “Nokia 5”, “Nokia 6” we “Nokia 8” ýaly telefonlary çykarmak bilen meşhur bolan firma, soňra beýleki hytaýly telefon öndürýän “Xiaomi” şereketi bilen bäsdeşlik edip bilmedi.

Öňňin “Nokia” şereketi täze “Nokia XR20” telefonyny ulanyjylara tanyşdyrdy. Täze telefonyň esasy aýratynlyklary “Android 14”-i kabul etmesi we 4 ýyl boýunça howpsuzlyk programmalary arkaly zyýanly wiruslara garşy durup bilmesi hem-de çydamlylygydyr.

“Nokia” şereketiniň täze “Nokia XR20” telefony suwa we belentlikden (1.8 metr) gaçmalara çydamly. Onuň ekranyny “Gorilla Glass Victus” tehnologiýasy suwdan goraýar. Telefon 6.67″ Full HD+ ekrana eýe bolup, ony suwuň içinde hem-de ellik bilen hem ulanyp bolýar. “IPS LCD” bilen üpjün edilen ekranyň ýagtytmasy 550 nite çenli çykyp bilýär.

Telefon 5G bilen üpjün edilen “Snapdragon 480 yonga” prosessory arkaly işleýär. Şeýle hem bu telefon 6 GB içki ýada we microSD arkaly ulaldylyp bilinýän 128 GB daşky ýada eýe.

Telefonyň arka tarapynda 48 megapiksellik esasy (f/1.8 diafragmaly) we 13 megapiksellik ultra giňişlik (f/2.4 diafragmaly) kameralar bar. Telefonyň öň tarapynda bolsa, 8 megapiksellik bir sany selfi kamerasy ýerleşdirilipdir. Telefondaky ünsüňi çekýän ýene bir aýratynlyk bolsa, onuň jübüt çyra bilen üpjün edilmegidir.

“Nokia XR20” telefonynda “OZO” tehnologiýasy ulanylypdyr. Bu tehnologiýa telefondan sesiň dury çykmagyna kömek edýär. Şeýle hem telefonda barmak yzyny okaýjy, 4630 mAh batareýa, 18 Watt simli zarýadlandyryjynyň ýanynda 15 Watt simsiz zarýadlandyryjy hem ýatdan çykarylmandyr.

Ultra gök we Granit çal reňklerde satuwa çykjak telefonyň bahasy 550 dollar edilip bellendi.

 

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Tokio-2020: 1 sagatda 2 altyn medal gazandy

 

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle