TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Nobel hepdeligi başlady

3-nji oktýabrda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda nobatdaky Nobel hepdeligi başlady. Onuň ilkinji gününde Nobeliň fiziologiýa we lukmançylyk boýunça baýragynyň eýeleri mälim edildi. Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça 2022-nji ýylyň Nobel baýragy şwesiýaly biolog we ewolýusiýa boýunça genetik Swante Paabo ýok bolup giden gominidleriň genomlary we adamyň ewolýusiýasy baradaky açyşlary üçin berildi.

Baýragyň web sahypasyndaky metbugat üçin beýanatda Swante Paabo we onuň kärdeşleriniň neandertallar bilen dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan häzirki zaman adamlarynyň arasyndaky arabaglanyşygy öwrenendigi aýdylýar. Deňeşdiriş seljermesi neandertallaryň DNK yzygiderliliginiň ozal çak edilişi ýaly Afrikadan däl-de, Ýewropadan we Aziýadan gelip çykýan häzirki zaman adamlaryna has meňzeýändigini görkezdi. Ýewropa ýa-da Aziýa neslinden bolan häzirki zaman adamlarynda geniň takmynan, 1-4% -i neandertallardan gelip çykýar.

Biologyň açyşlary netijesinde arhaik gen yzygiderliliginiň häzirki zaman adamlarynyň fiziologiýasyna, şol sanda immunitetimiziň ýokançlyklara nähili täsir edýändigi belli boldy. Mundan başga-da, Swante Paabo ilkinji gözlegleriniň netijesinde düýbünden täze ylmy ugur – paleogenomikany esaslandyrdy.

Geçen ýyl fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragyny amerikan alymlary Dewid Juliusa we Ardem Pataputýana temperaturanyň we basyşyň reseptorlaryny ýüze çykarandyklary üçin berlipdi.

1901-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli fiziologiýa ýa-da lukmançylyk boýunça 112 Nobel baýragy gowşuryldy, baýrak alanlaryň arasynda 12 zenan bar. Insulin gormonyny açanlaryň biri bolan kanadaly lukman we fiziolog Frederik Banting bu ugurda Nobel baýragynyň iň ýaş eýesi boldy. Ol 1923-nji ýylda baýrak gowşurylanda 32 ýaşyndady. Iň garry ýeňiji 87 ýaşly Peýton Rous boldy. Ol 1966-njy ýylda onkogen wiruslaryny tapandygy üçin baýrak aldy.

Şu gün – 3-nji oktýabrda, fizika boýunça Nobel baýragynyň eýesi mälim edilen bolsa, 5-nji oktýabrda – himiýa, 6-njy oktýabrda – edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýeleri mälim ediler. 7-nji oktýabrda Parahatçylyk baýragynyň ýeňijisi, 10-njy oktýabrda 1968-nji ýylda Şwesiýanyň Döwlet banky tarapyndan döredilen Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň ýeňijisi yglan ediler.

Ýene-de okaň

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” bäsleşigine badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Dekabr aýynda halkara internet olimpiadalary geçiriler

Türkmen himiýaçy talyplarynyň üstünligi

Teswirle