TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy ýatyryldy

Dünýäniň iň abraýly baýragynyň biri hasaplanýan Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy üstümizdäki ýylda geçirilmeýär. Şwesiýada her ýyl 6 ugur boýunça berilýän Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasyny koronawirus ýokanjy sebäpli geçirmek göz öňünde tutulmaýar.

Koronawirus ýokanjy her ýylyň dekabr aýynyň ikinji hepdeliginde Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň gurnalmagyna päsgelçilik döretdi. Bu ýagdaý 60 ýyldan bäri dowam edýän dabaranyň ilkinji gezek ýatyrylmagyna sebäp boldy.

Nobel gaznasy baýragy gazananlarynyň mälim ediljekdigini, ýöne olara baýragynyň başga ýagdaýda gowşuryljakdygyny mälim etdi.

Nobel gaznasynyň ýolbaşçysy Lars Heikensten bu barada eden beýanatynda, üstümizdäki ýyl her b’r adamyň käbir zatlar boýunça eglişik etmelidigini we täze şertlere doly uýgunlaşmalydygyny alamatlandyrýan aýratyn ýyllaryň biri bolýandygyny belledi.

Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy iň soňky gezek 1956-njy ýylda ýatyrylypdy. Şeýle hem bu dabara birinji we ikinji watançylyk uruşlary döwründe hem geçirilmändi

Ýene-de okaň

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Helga Mariýa Şmid: Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmak meniň üçin hormat

Teswirle