DÜNÝÄ

Nobel baýragy barada gyzykly maglumatlar

Stokgolmda we Osloda 4-nji oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda fiziologiýa we lukmançylyk, fizika, himiýa, edebiýat, şeýle hem Şwesiýanyň Döwlet bankynyň ykdysadyýet baýragy boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edilip başlandy.

Baýraklar 1901-2020-nji ýyllar aralygynda 603 gezek gowşuryldy. Iki gezek sylaglanan käbir dalaşgärleri göz öňünde tutsak, sanawda 930 adam we 25 gurama bar. Baýrak alanlaryň ortaça ýaşy takmynan altmyşa barabardyr. Bu baýraga 2014-nji ýylda mynasyp bolan iň ýaş ýeňiji, Parahatçylyk baýragynyň eýesi Pakistandan 17 ýaşly adam hukuklaryny goraýjy Malala Ýusufzaý boldy. Iň ýaşuly ýeňiji, 2019-njy ýylda himiýa baýragyna mynasyp bolan 97 ýaşly amerikan alymy Jon Gudinofdyr.

Däp bolşy ýaly, baýrak alanlar ylym we haýyr-sahawat maksatnamalaryny ösdürmek üçin pullaryny peýdaly ýerlere sarp edýärler. Şeýle-de bolsa, Nobel baýraklarynyň saýty baýraklary başga maksatlar üçin ulananlaryň hem faktlaryny berýär. Mysal üçin, 1921-nji ýylda fizika ugrundan baýrak alan Albert Einşteýn, ilkinji aýaly Milewa Marigi we iki ogluny goldamak üçin puluny öz maşgalasyna berdi. Iwan Bunin 1933-nji ýyldaky edebiýat baýragyny köp sanly güýmenje çärelerine we Fransiýadaky rus emigrantlaryna berýän guramalaryna sarp etdi. 1993-nji ýylyň himiýa baýragynyň eýeleri amerikaly Filip Şarp we britaniýaly Riçard Robert pullaryny köne jaý satyn almak we kriket meýdançasy gurmak üçin sarp etdiler. 2001-nji ýylda sylaglanan iňlis biohimik Pol Nurs uýasynyň motosiklini döwrebaplaşdyrmagyna maýa goýum goýdy. Bu baýraga mynasyp bolan türk ýazyjysy Orhan Pamuk 2006-njy ýylda Stambulda 1950-nji ýyllardan 2000-nji ýyllara çenli esasan şäheriň gadymy dükanlaryndan alnan öý goşlaryny görkezýän muzeýi açdy.

 

Nobel hepdeligi: lukmançylyk ugrunyň ýeňijileri belli boldy

Ýene-de okaň

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy